Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüzlenmesi

Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra

Hor­mat­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar!
Ga­dyr­ly ha­nym­lar we je­nap­lar!

Si­zi Türk­me­nis­tan bi­len Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň we dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mi­we­si hök­mün­de şu gün da­ba­ra­ly açyl­ýan 110 ki­lo­wolt­lyk Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň ula­nyl­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den mä­hir­li gut­la­ýa­ryn.

Türk­men we ow­gan halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Uzak ta­ry­hy döw­rüň do­wa­myn­da ata-ba­ba­la­ry­myz bi­ze pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň aja­ýyp däp­le­ri­ni mi­ras go­ýup­dyr­lar.

Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan­dan soň­ra il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da bi­ziň öz­baş­dak­ly­gy­my­zy gol­dan­la­ryň bi­ri-de Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­dyr. Ge­çen dö­wür için­de Türk­me­nis­tan we Ow­ga­nys­tan döw­let­le­ri öz­baş­dak­lyk şert­le­rin­de yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni taý­dan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň nus­ga­sy­ny gör­ke­zip gel­ýär­ler.

Türk­me­nis­tan goň­şy Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len dür­li ugur­lar­da, şol san­da elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy ba­bat­da hem bir­nä­çe ýyl­lar­dan bä­ri iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär.

Pa­ra­hat­çy­lyk­ly ösü­şiň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na Ymam­na­zar — And­hoý we Ser­he­ta­bat — Hy­rat ugur­la­ry bo­ýun­ça eý­ýäm goň­şy ýur­da türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň mil­lion­lar­ça ki­lo­watt-sa­ga­dy ibe­ri­lip, ow­ga­nys­tan­ly sarp edi­ji­le­riň dur­muş hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy, tä­ze önüm­çi­lik­le­riň, iş orun­la­ry­nyň açyl­ma­gy üçin şert­ler dö­re­dil­di, Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ow­ga­nys­tan­ly ýaş­la­ryň ýüz­ler­çe­si ener­ge­ti­ka ug­run­dan oka­dyl­dy.

Hor­mat­ly ha­nym­lar we je­nap­lar!
Ga­dyr­ly dost­lar!

Türk­me­nis­tan dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne baý döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de özü­niň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri bi­len di­ňe içer­ki sarp edi­ji­le­ri yg­ty­bar­ly we bök­denç­siz üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ry dün­ýä­niň sarp edi­ji­le­ri­ne hem el­ýe­ter­li et­me­gi mak­sat edin­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň we te­bi­gy ga­zy­nyň ibe­ril­ýän ugur­la­ry­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy yn­san­per­wer ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy­ny düz­ýän baş ýö­rel­ge­le­riň bi­ri­dir.

2018-nji ýy­lyň 23-nji few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň we Hin­dis­ta­nyň döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ow­gan bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na, onuň bi­len ugur­daş Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň, Türk­me­nis­tan­dan Ow­ga­nys­ta­na op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň tas­la­ma­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­me­gi se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dün­ýä nus­ga­lyk tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­la­nan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şu gün da­ba­ra­ly açyl­ýan Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si hem Türk­me­nis­ta­nyň goň­şy ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ibe­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak ug­run­da dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­le­ri­niň ýe­ne-de bir my­sa­ly­dyr. Bu elekt­rik ge­çi­ri­ji­si iki ýur­duň ara­syn­da öň­ki he­re­ket ed­ýän Ymam­na­zar — And­hoý we Ser­he­ta­bat — Hy­rat ugur­la­ryn­dan baş­ga ener­gi­ýa­nyň goş­ma­ça ibe­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Ker­ki — Ham­ýap — Gar­kyn, Mar­çak (Türk­me­nis­tan) — Mar­çak (Ow­ga­nys­tan) we Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau ugur­la­ry­nyň il­kin­ji­si­dir. Onuň ge­çi­ri­ji­lik uky­by sa­gat­da 100 me­ga­wa­ta deň bo­lar.

Bu ugur­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi Türk­me­nis­tan­dan Ow­ga­nys­ta­nyň dür­li se­bit­le­ri­ne türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ýo­kar­lan­dy­ry­lan möç­ber­de iber­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Hor­mat­ly dost­lar!

2018-nji ýyl ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edil­di. Bu gün­ki da­ba­ra­ly açyl­ýan Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen ga­dy­my Mer­wiň çäk­le­rin­den gü­nor­ta — şöh­rat­ly Bal­ha, Hy­ra­da ta­rap uza­lyp git­me­gi ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da bu ga­dy­my we şöh­rat­ly ýo­luň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dür­li ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de döw­let­le­ri­mi­ziň gel­jek­ki ösüş­le­ri­niň berk bin­ýa­dy­nyň tu­tul­jak­dy­gy­na, halk­la­ry­my­zyň dur­muş hal-ýag­da­ýy­nyň gün­sa­ýyn go­wu­lan­jak­dy­gy­na, öza­ra bäh­bit­li we deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­lyk we dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar!
Ga­dyr­ly ha­nym­lar we je­nap­lar!

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Si­zi Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­ly­gy­ny we ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. (TDH)



Degişli Habarlar