TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR

BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA GEÇÝÄN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELERE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka dowam edýän saparynyň çäklerinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy geçirildi.

A.Guterriş Türkmenistanyň BMG bilen dürli ugurlar boýunça ysnyşykly we işjeň hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerinde, bosgunlar, migrasiýa, Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň işini goldamak ýaly meselelerde wajyp ornuny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň şu ýyl durnukly ösüş boýunça Syýasy forumyna işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen aýtdy.

S.Berdimuhamedow duşuşyk üçin Baş sekretara sagbolsun aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hem-de Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy berkitmek üçin goşýan goşandy üçin minnetdarlygyny ýetirdi. Ministriň orunbasary A.Guterrişiň 2017-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde Global Kontrterrorçylyk Strategiýasy boýunça Ýokary derejeli dialoga gatnaşandygyny aýratyn belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde we BMG-niň agentlikleriniň goldamagynda Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Üçünji tapgyrynyň üstünde işlenýändigi barada habar berdi.

S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň 18-nji iýulda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli Syýasy forumyň umumy mejlisinde çykyş edendigini mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda wekiliýetiň baştutany 2030 çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegi Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belläp geçdi. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň agentlikleriniň goldamagynda ilkinjileriň biri bolup DÖM-y öz milli meýilnamalaryna ornaşdyrmaga başlandygy bellenilip geçildi.

Öz gezeginde A.Guterriş Türkmenistanyň DÖM-ny ýerine ýetirmek, sebit we milli derejelerde Global kontrterrorçylyk strategiýasyny amala aşyrmak,  dünýä bileleşigi üçin köpsanly wajyp meseleler boýunça sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ýerine ýetiren üstünlikli işleri barada aýtdy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ( BMG ÖM) Administratory Akim Ştaýner bilen duşuşygy boldy.

A.Ştaýner wekiller bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda BMG ÖM-y bilen önjeýli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Ol Türkmenistan BMG ÖM-y bilen halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça, ylaýta-da Durnukly Ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça oňyn özara gatnaşyklary saklaýandygyny belledi.

Türkmen wekiliýeti BMG ÖM-y bilen gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäklerinde, ylaýta-da bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda geçiriljek durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli Syýasy forymynyň dowamynda Durnukly Ösüş maksatlary boýunça Milli meýletin syny bilen çykyş etmegi meýilleşdirilýändigi aýan edildi. A.Ştaýner öz tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistana bu syny taýýarlamaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, A.Ştaýnere Araly Halas etmegiň Halkara Gaznasynyň çäginde geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga çakylyk ýene-de bir gezek tekrarlandy. (Türkmenistan DIM)



Degişli Habarlar