Aşgabatda “Saglyk - 2018” atly halkara sergi işe başlady

Däp boýunça lukmançylyk forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy

Aşgabatda “Saglyk - 2018” atly halkara sergi işe başlady

Düýn türkmen paýtagtynda “Saglyk - 2018” atly halkara sergi işe başlady, onuň çäklerinde ylmy maslahat, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin Platformany döretmek boýunça mejlis geçirilýär. Däp boýunça lukmançylyk forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriň, Ylymlar akademiýasynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Saglyk — 2018” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, milli Liderimiz Gutlagynda bu forumyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny wagyz etmekde, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde hem-de tejribe alyşmakda ähmiýetini nygtady.“Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Häzirki döwürde ata Watanymyz goraglylyk babatda ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Biziň bu ugurdaky tagallalarymyz her bir şahsyýetiň erkin hem-de sagdyn ösmegine, syýasy, ykdysady, medeni mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir”diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ýurdumyzda giňden bellenilýän gününe gabatlanyp geçirilýän sergi milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda uly ähmiýetlidir, hünärmenleri bu ulgamda bar bolan öňdebaryjy usullar hem-de hyzmatlar bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik açýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryna bagyşlanan wekilçilikli foruma gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, olar milli lukmançylygyň nusgasyny innowasiýa tehnologiýalara hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanmak arkaly kämilleşdirmekde täze teklipleri we çemeleşmeleri hödürleýärler, muňa ýurdumyzyň lukmançylygynyň, tutuş saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depginleri ýardam berýär, bu ulgam döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şu ýyl “Saglyk — 2018” halkara sergä dünýäniň 40 ýurdundan lukmançylygyň dürli ugurlarynda ussatlyk derejesine ýeten hünärmenler gatnaşýar. Sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň 240-sy önümlerini — derman önümleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň we serişdeleriniň giň toplumyny hödürleýärler. Şolaryň hatarynda saglygy goraýşyň dürli ulgamlarynda işleýän kärhanalar, şol sanda Germaniýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Hindistandan, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden kompaniýalar bar.

Sergini däp boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bölümi açýar, onuň diwarlyklarynda ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmakda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy bolan halkara güwänamalarynyň nusgalary görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň lukmanlarynyň bu babatda toplan tejribelerini Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti döwletlerinde ýaýratmak maslahat berildi.

Ministrligiň diwarlygynda döwlet Baştutanymyzyň galamyndan çykan ylmy işlere aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy işleri döreden, uzak ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna gözegçilik eden ýolbaşçy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylygy ösdürmegiň milli nusgasyny döretdi, ol ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny hem-de dünýädäki häzirkizaman meýilleri özünde jemleýär.

Forumyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopedik işiniň 10-njy jiltiniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň çäklerinde ösýän ösümlikler barada köp jiltli düýpli ylmy işiň döredilmeginiň diňe bir milli lukmançylyk ylmynyň ösüşinde däl-de, dünýä derman senagatynyň ösüşinde hem möhüm ädim bolandygyny bellediler.

Çykyş edenler bu işiň lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň, degişli ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda giň meşhurlyga eýedigini nygtadylar. Şol birwagtda milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitaby daşary ýurt hünärmenlerinde hem uly gyzyklanma döretdi, çünki onuň sahypalarynda ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary içgin beýan edilýär, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary görkezilýär.

Pudaklaýyn sergide Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hem bölümi bar. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň agzasy bolan bu jemgyýetçilik guramasy ynsanperwer işleri ýerine ýetirmekde döwlet edaralaryna ýardam berýär.

Şypahanalaryň hem-de şypahana-dynç alyş ugurly lukmançylyk edaralarynyň diwarlyklary üçin aýratyn bölüm berlipdir, bu ýerde “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Mollagara”, “Arçman”, “Ýylysuw”, “Farap” we “Daşoguz” şypahanalary barada maglumatlar görkezilýär. Şolaryň her biri enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýäniň beýleki şypahanalaryndan pes däldir. Dürli tebigy görnüşler, mineral suw çeşmeleri, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri – bularyň ählisi şypahana-dynç alyş, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin oňat şertleri döredýär.

Sergide häzirkizaman anyklaýyş we barlaghana enjamlary, dürli serişdeleriň täze we ulanmaga amatly görnüşleri, tebigy dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanan derman önümleri, mebeller, hassahana aragatnaşyk ulgamlary, şypahana-arassaçylyk hem-de kosmetiki maksatly önümler görkezilýär. Sergä gatnaşyjylar innowasiýa häsiýetli lukmançylyk tehnologiýalary ulgamynda hem harytlary we hyzmatlary hödürleýärler.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan «Hospitalia international GmbH», «Bionoricf CE», «Simens» (Germaniýa), «World Medicine Limited» (Beýik Britaniýa), «Ajanta Pharma» (Hindistan), «Gedeon Rihter» (Wengriýa), Awstriýanyň «Atkin» we köp sanly beýleki kompaniýalar bar.

Lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary, derman senagaty ulgamynda innowasiýa tehnologiýalary, dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy usullary “Saglyk — 2018” halkara ylmy maslahata garalan esasy meseleler boldy, onuň umumy mejlisi Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirildi.

Çykyş eden belli alymlar, ylmy-barlag lukmançylyk edaralarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitlere ýetendigini bellediler, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän oňyn durmuş ugurly syýasatyň miwesidir, bu syýasat dünýä bileleşiginiň hem-de iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň iň iri düzümleriniň — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy, biziň ýurdumyz bu guramalar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

“Saglyk — 2018” halkara serginiň we ylmy maslahatyň işi 22-nji iýula çenli dowam eder.

***

Düýn “Saglyk — 2018” halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde paýtagtymyzda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin Platformany döretmek boýunça iki günlük mejlis öz işine başlady, mejlis bu ulgamyň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berer.

Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň,Gruziýanyň, Eýranyň, Serbiýanyň hem-de ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, Bütindünýä azyk guramasynyň we Azyk hem-de oba hojalygy boýunça guramanyň wekilleri gatnaşdylar. (TDH)


Etiketkalar: Türkmenistan , sergi , saglyk

Degişli Habarlar