Ankarada «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi boýunça metbugat ýygnagy geçirildi

Metbugat maslahatynyň ahyrynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi boýunça tanyşdyryş wideo ýazgylary hem görkezildi

Ankarada «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi boýunça metbugat ýygnagy geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Ankara şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hem-de ýerli jemgyýetçiligine giňişleýin maglumat bermek maksady bilen metbugat maslahaty geçirildi.

Metbugat maslahatyna daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Habarlar müdirliginiň we Türkiýäniň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet gullugynyň (TRT) Halkara gatnaşyklary müdirliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen geçirilýän «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm, taryhy waka bolmak bilen, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýändigi barada bellenildi. Maslahata gatnaşyjylara “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi we ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşy bilen tanyşandygy barada gürrüň berildi.

Şeýle hem, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň geçirilmegi Türkmenistanyň parahatçylygyň tarapdary bolan ýurt hökmünde ýurdumyzyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek babatda işjeň syýasatyna we halkara başlangyçlaryna ygrarlylygynyň nyşany bolup durýandygy barada gürrüň berildi.  

Metbugat maslahatynyň ahyrynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi boýunça tanyşdyryş wideo ýazgylary görkezildi.

Ilçihana tarapyndan geçirilen metbugat maslahaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinde uly gyzyklanma döretmek bilen, “Amul-Hazar 2018” rallisi boýunça jikme-jik maglumatlary almaklyga şert döretdi. “Amul-Hazar 2018” rallisi we metbugat maslahaty boýunça birnäçe ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar we ýörite teswirler ýerleşdirildi.



Degişli Habarlar