Lukmançylyk biliminiň derejesi halkyň saglygyna gönükdirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ylym hem-de bilim ulgamlary innowasiýalara we tehnologiýalara esaslanýan täze gazananlar bilen baglanyşykly ýokary depginler bilen ösýär.

Lukmançylyk biliminiň derejesi halkyň saglygyna gönükdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş — öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym hem-de bilim ulgamlary innowasiýalara we tehnologiýalara esaslanýan täze gazananlar bilen baglanyşykly ýokary depginler bilen ösýär. Bu ugurlara döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň hem-de alymlaryň täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Hususan-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylymda we tehnologiýada alnyp barylýan işleriň birnäçe esasy ugurlary bilen birlikde, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikde ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda möhüm orun degişli bolup durýar. Lukmançylyk uniwersiteti — munuň özi döwrebap tehnologiýalary we iň gowy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, netijeli hünär okuwy hem-de ylmy-barlag işleri üçin ähli mümkinçilik döredilen iri ylym-bilim merkezidir.

Lukmançylyk şäherjiginde diňe bir ýokary derejeli bilim almak üçin däl, eýsem, geljekki hünärmenleriň sazlaşykly ösüşi üçin hem zerur şertler göz öňünde tutuldy. Zerur bolan çeper hem-de ýöriteleşdirilen edebiýatlar bilen üpjün edilen döwrebap elektron kitaphanasy, sport merkezi, ähli amatlyklary özünde jemleýän umumy, ýaşaýyş jaýlary talyplaryň hyzmatynda. Bularyň ählisi ýaşlarymyzyň dünýä ölçeglerine kybap bilim almaga, hünär öwrenmegine, köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bilen yzygider meşgullanmagyna, göwnejaý dynç almagyna ýardam berýär.

Ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler “Türkmenistanda inno¬wa¬siýa işini ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyna”, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan „Saglyk“ döwlet maksatnamasyna, „Türkme¬nis¬tan¬da ylymda we tehnologiýada alnyp barylmaly işleriň esasy ugurlaryna” laýyklykda ýerine ýetirilýär. Onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň öňe süren özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar, ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Mekdebiň sapaklarynyň tertipnamasyna täze hünärler girizilýär.

Aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2011-nji ýylda ýurdumyzyň bedenterbiýe bilen meşgullanýan raýatlaryna hünär taýdan goldaw bermek boýunça sport lukmanlaryny taýýarlaýan sport lukmançylygy fakultetiniň açylandygyny bellemeli. Ol sport çäreleri boýunça guramaçylyk, usulyýet we terbiýeçilik – sagaldyş hyzmatlarynyň talabalaýyk ýola goýulmagyny üpjün etmek üçin hem-de sport türgenlerine fiziki agram berlende olaryň bedeninde ýüze çykyp biläýjek käbir fiziologiki bozulmalara sezewar bolanlaryň saglygyny bejermek meselelerini öz içine alýar.

2012-nji ýylda Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleri we beýleki harby bölümleri üçin lukmançylyk gullugynyň bejeriş-öňüni alyş hünärli serkerdelerini taýýarlamak maksady bilen harby lukmançylyk fakulteti, 2015-nji ýylda bu fakultetiň düzüminde “Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi” hünäri, 2014-nji ýylda bolsa kesel bejeriş fakultetiniň düzüminde şypahanalarda, hassahanalarda, saglyk öýlerinde bejeriş-dikeldiş işlerini alyp barjak hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen“Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk” hünäri açyldy.

Belli bolşy ýaly, bütin dünýäde lukmançylyk ugrundan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň derejesi şolaryň düzüminde kliniki merkezleriň bolmagy bilen kesgitlenilýär. Bu oňyn tejribä esaslanyp, soňky ýyllarda uniwersitetiň ylmy we okuw-önümçilik binýatlarynyň, merkezleriň gerimi giňedi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden degişli kararlaryna laýyklykda, 2011-nji ýylda uniwersitetiň düzüminde Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, 2013-nji ýylda Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 2015-nji ýylda bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.

Biotehnologiýalar merkeziniň meýilnamalaýyn işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýar. Sport lukmançylygy merkezi bolsa öz işini Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty bilen bilelikde alyp barýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin, lukmançylyk uniwersitetinde okatmagyň usulyýeti, şol sanda tejribe we barlaghana sapaklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okuw derslerine okatmagyň iň netijeli we täzeçil usullaryny gyssagly ornaşdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Täze usul boýunça tejribe sapaklarynyň esasy maksady we wezipesi talyplarda kliniki pikirlenmäni, özbaşdak çözgütleri kabul etmek ukybyny ösdürmekden, okuw-ylmy edebiýatlara syn bermek, döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň işi bilen baglanyşykly hünär endiklerini ele almakdan, hünärmenleriň dünýä garaýşyny giňeltmekden ybarat bolup durýar.

Okatmagyň bu täze usuly boýunça talyplar her okuw sapaga özbaşdak taýýarlanyp, kitaphanalarda işläp, mugallym tarapyndan berilýän maglumatlary dünýä maglumatlary bilen baýlaşdyryp, okuw sapagynda öz başarnygyny hem-de pikirini beýan etmäge, wajyp meselede berlen maglumatlary özara seljermäge, ara alyp maslahatlaşyp, çözgüdini tapmaga çalyşýar. Okuw sapagynyň dowamynda talyplardan alan bilimlerini elektron amaly endikler otaglarynda (fantom otaglarynda) amaly taýdan berkitmek talap edilýär.

Tejribe sapaklarynda talyplar tejribe işine degişli ýumuşlary – himiki reaksiýalary, maddalaryň sintezini, näbelli maddalaryň hil, mukdar derňewlerini, dermanhana şertinde derman görnüşlerini almagyň tilsimat tapgyrlaryny hem-de beýlekileri özbaşdak we elektron tehnikalaryndan peýdalanyp, hereketli şekilleriň üsti bilen ýerine ýetirýärler.

Lukmançylyk uniwersitetinde talyplaryň okuw, usuly edebiýatlar bilen elýeterli üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärleriň okuw meýilnamalaryna laýyklykda, ähli geçirilýän dersler boýunça talyplar okuw kitaplary hem-de gollanmalary, beýanlaryň ýygyndylary, görkezme esbaplary we beýlekiler bilen doly üpjün edilýär. Okuw işinde dissertasiýa işlerinden we awtoreferatlardan, ylmy monografiýalardan, referatiw işlerden hem netijeli peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz halkyna sowgat beren “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan — melhemler mekany”, “Türkmenistan —sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” hem-de beýleki kitaplary okuw işinde talyplar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly edebiýat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy-amaly işleri ýokary okuw mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işinde köptaraplaýyn gollanma bolmak bilen, ýeterlik bilimli hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryna höwesi bolan ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hakynda edýän atalyk aladasynyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Talyplaryň bilimini çuňlaşdyrmak, ylmy barlaglara bolan gyzyklanmalary höweslendirmek, özbaşdak işlemek endigini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda dürli ders bäsleşikleri guralýar. Döwlet ders olimpiadalary we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy bäsleşikler ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Türkmen ýaşlarynyň halkara olimpiadalaryna gatnaşýanlarynyň sany yzygiderli artýar. Olar ýeňiş gazanyp, uly baýraklara mynasyp bolýarlar.

2017 — 2018-nji okuw ýylynda Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary döwlet bäsleşiklerinde on gezek ýeňiji boldular. Uniwersitetiň wekili ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän “2018-nji ýylyň talyby” döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Okuw dersleri boýunça halkara açyk Internet bäsleşiginde 10 sany, şol sanda — iki altyn, bäş kümüş we üç bürünç medala mynasyp boldular. Bäsleşigi geçirmek boýunça halkara guramaçylyk komitetiniň gelen netijesi esasynda Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýeňiji ýokary okuw mekdebi diýlip yglan edildi we minnetdarlyk haty berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň dünýä döwletleri we bileleşikleri tarapyndan giňden goldanylmagy, Türkmenistanyň dürli ýurtlar hem-de iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ep-esli işjeňleşmegi türkmen Lideriniň amala aşyrýan oňyn syýasy ugrunyň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň giňden badalga beren bilim özgertmelerinde daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen ysnyşykly, birek-birege bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Aýdylanlara uniwersitetiň Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gazanylan ylalaşygyň çäklerinde, talyplaryň tomusky önümçilik tejribelikleriniň bu dostlukly ýurtda geçmeginiň ýola goýulmagy, şu ýylyň aprel aýynda bolsa professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilen dermanlyk ösümliklerine we tebigy serişdelerine bagyşlanan ylmy işleriň maslahatynyň hem-de oňa gabatlaniň serginiň guralandygy aýdyň mysal bolup biler.

Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň möhüm ugurlary boýunça ylmy barlaglary alyp barýarlar. Şolaryň hatarynda häzirkizaman lukmançylygy we dermanlyk serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasy, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ýaly mowzuklar bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýa¬sy¬nyň Tehnologiýalar merkezi we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde zerur işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň yssy we gurak howa şertlerinde dürli keselleriň geçiş aýratynlyklary, şolaryň anyklaýyş hem-de bejeriş usullaryny kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak hem-de şolary ir anyklamak, Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmek we olaryň keselleri bejermekde ulanylyşy, göz, diş, çaga we aýal keselleriniň bejergisiniň netijeliligini gowulandyrmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň garşysyna göreşmek hem-de şolary ýok etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilatyň arasynda ornaşdyrmak, milli lukmançylyk mirasymyzyň gaza¬nan¬laryny döwrebap lukmançylyk ylmyna ornaşdyrmak we saglygy goraýşyň beýleki möhüm meselelerine gönükdirilendir.

Soňky ýyllarda Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde şypahanalarda bejeriş serişdeleri hökmünde ulanylýan suwlaryň, tebigy çig mallaryň, bejeriş serişdeleriniň, hususan-da, bejeriş palçyklarynyň, deňiz duzlarynyň adam saglygyna edýän oňyn bejerijilik häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrmak, ilatymyzy özümizde öndürilýän derman serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça professor-mugallymlar hem-de talyplar tarapyndan maksadalaýyk işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby arassa lukmançylyk serişdelerini taýýarlamak üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Onuň esasynda Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan Türkmenistanyň şertinde ilkinji gezek halk lukmançylygynda gadymdan bäri belli ösümlikler bolan ýüzärlik, ysly çomuç, boýdäne, ala pakyr, ýandak, käkilik oty, bir ýyllyk ýowşan, türkmen arçasy ýaly ösümlikleriň tebigatda ýaýraýyş kanunalaýyklyklary, ätiýaçlyk gorlary, himiki düzümleri, biologiki hem-de fiziologiki işjeň maddalary bölüp almak, bejeriş häsiýetlerini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Hususan-da, tejribe haýwanlarynda olardan taýýarlanan demleme, gaýnatma ýaly derman görnüşleriniň mikroblara garşy, beden berkidiji we beýleki täsirlerini öwrenmek boýunça düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şolaryň esasynda täze derman görnüşlerini almagyň tehnologiki tapgyrlary we melhemçilik resminamalary ýazylyp, ýurdumyzyň derman kärhanalarynda öndürmek üçin hödürlenilýär.

Uniwersitetiň ýaş alymlary, talyp¬lary ylmy gurnaklaryň çäklerinde kafedralarda, merkezlerde alnyp barylýan ylmy işlere işjeň gatnaşýarlar. Uniwersitetden Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňe¬şiniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda yglan edýän ylmy bäsleşigine işjeň gatnaşýanlaryň sanynyň birsyhly artýanlygyny bellemeli.

Geçirilýän ylmy işleriň esasynda alynýan netijeler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýa Federa¬siýa¬synda, Belarus Respublikasynda, Germaniýada, Fran¬-siýada, Şweýsariýada, Ispaniýada, Koreýa Respublikasynda, Ýaponiýada neşir edilýän ylmy žurnal¬lar¬da makalalaryň yzygider çap edilmegi Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde alnyp barylýan işleriň ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde okuwyň diploma çenli we diplomdan soňky taýýarlyk tapgyrlarynda ylmy-kliniki merkezleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ozal habar berlişi ýaly, uniwersitetiň binýadynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi we Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi açyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, lukmançylyk biliminiň, ylmynyň we amalynyň bir ýerde jemlenmegi, şol ugurlardan innowasiýalary utgaşykly, bilelikde ornaşdyrmaga hem-de hünärmenleri täzeçil taýýarlamaga giň mümkinçilikleri berýär.

Bu merkezlerde talyplara, lukmanlara, kliniki ordinatorlara döwrebap barlag we bejeriş usullary öwretmek, operasiýalara gatnaşmak, ýöriteleşdirilen otagda tejribede özbaşdak operasiýalary geçirmek ýola goýuldy. Merkezlerde alnyp barylýan ylmy işleriň netijeleri okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylýar. Şolaryň esasynda keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça amaly lukmançylygyna teklipler berilýär.

Ýokary derejeli häzirki zaman döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen uniwersitetiň kliniki merkezleri ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde çagalarda görüş ýitiligini kadada saklamak, miopiýanyň öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Orta mekdepleriň 1 — 2-nji synplarynyň mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri we saglyk öýleriniň şepagat uýalary bilen kompýuterlerde işlemegiň kadalary hem-de käbir görüş funksiýalary barada okuw sapaklary yzygiderli guralýar.

Stomatologiýa okuw – önümçilik merkeziniň lukmanlary stomatologiýa ugurly kafedralaryň mugallymlary bilen bilelikde orta mekdep¬lerdäki okuwçylaryň arasynda agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak hem-de ýaýraýjylygyny peseltmek maksady bilen yzygiderli bejeriş we wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Bu merkezde çagalarda we ýetginjeklerde agyz boşlugynyň şahsy we hünärmenleýin arassaçylyk kadalaryny öwretmek işleri, fitootagda bolsa dürli dermanlyk otlarynyň kömegi bilen gingiwit, paradontit keselleriniň bejergisi ýola goýuldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda mähriban enelerimiziň, geljegimiz bolan çagalarymyzyň saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda uniwersitetiň okuw binýatlarynyň biri bolan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi enelere hem-de çagalara häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna laýyklykda, saglygy goraýyş kömegini bermekde iňňän uly ähmiýetli işleri alyp barýar. Şeýle-de bu merkezde halkara guramalary bilen bilelikde birnäçe milli maksatnamalar amaly lukmançylyga giňden ornaşdyrylýar.

“Çagalaryň irki ösüşi we irki goşulyşma” maksatnamasynyň esasynda döwrebap abzallary bilen enjamlaşdyrylan usulyýet merkezi açyldy. Bu ýerde näsag çagalara bejeriş-dikeldiş işleri geçirilýär, olaryň ene-atalaryna, lukmanlara anyk meseleler boýunça maslahat beriş, usulyýet kömegi berilýär. “Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy” hem-de “Çagalaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlamak” atly milli maksatnamalardaky maglumatlar ýerli şertlere görä ornaşdyryldy, ýurdumyzda bu maksatnamalar boýunça degişli hünärmenleriň arasynda okuw sapaklary geçirilýär we yzygiderli usulyýet kömegi amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we ulgam üçin ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak boýunça tabşyrygyna laýyklykda, dünýä lukmançylygynda gazanylýan ösüşler hem-de özgerişler bilen aýakdaş gitmek, okuw binýatlarynyň gerimini giňeltmek, ýokary okuw mekdebiň okuw we bejeriş işlerine innowasiýalary girizmek, nazary bilimleri amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler geljekde-de dowam etdiriler. (TDH)



Degişli Habarlar