Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolan türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylyň 24 — 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Ruhyýet köşgünde geçirmeli.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli.

3. Şulary tassyklamaly:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibini;

4. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary şu Permanyň üçünji böleginde görkezilen Tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekilleriniň saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmeli hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan agzalaryň sanawyny 2018-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna bermeli.

5. Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 5-nji iýuly. (TDH)



Degişli Habarlar