Türkmenistanyň Prezidenti TURKSOÝ-nyň baş sekretaryny kabul etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOÝ) baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti TURKSOÝ-nyň baş sekretaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOÝ) baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanýan we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Aşgabatda ýene-de bolmak mümkinçiliginiň dörändigine şatdygyny nygtady. Ýurdumyzda “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda baý medeni mirasy gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň ähmiýeti bellenildi. Oňa bolsa halkara bileleşigi tarapyndan gyzyklanmalar yzygiderli artýar.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, medeni diplomatiýany ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunuň esasy taraplarynyň biridigini belledi. Medeniýet dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Hut şu nukdaýnazardan hem abraýly halkara düzümleri, şol sanda türki dilli ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegini esasy ugur edinýän TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz bu halkara guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, onuň 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly, 2015-nji ýyly bolsa Mary şäherini türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmegini mysal getirdi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşygyň dowamynda köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary tassyklap, gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Medeniýet we sungat ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, taryh, dil, edebiýat, milli döredijilik däpleri ýaly ugurda ylmy barlaglary işjeňleşdirmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Munuň özi medeni mirasyň yzygiderli baýlaşmagyna ýardam edýär. Bu babatda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň milli mirasy has-da baýlaşdyrmaga kömek edýändigi nygtaldy.

Myhman şu ýyl TÜRKSOÝ-nyň özüniň 25 ýyllygyny dabaralandyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň işine işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berdi. Dýusen Kaseinow saz medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň hatyrasyna degişli çäräniň meýilleşdirilýändigini belledi.

Halkara guramasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň özboluşly däplerini häzirki döwürde dikeltmek we baýlaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň möçberli işlerine ýokary baha berip, TÜRKSOÝ-nyň ähli başlangyçlaryna we taslamalaryna goldaw berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şu günler ýurdumyzda “Ýüpek ýoly—ýürek ýoly” ady bilen teatr festiwalynyň geçirilýändigine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Dýusen Kaseinow türkmen medeniýet işgärleriniň festiwalyň çäklerini giňeldip, diňe bir türki dilli döwletleriň däl, eýsem, Ýewraziýa giňişliginiň ýurtlarynyň sungat ussatlary bilen bilelikde baý medeni mirasy mundan beýläk-de wagyz etjekdiklerine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň baş sekretary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli Liderimiziň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň türk diline neşir edilen nusgasyny gowşurdy. Dýusen Kaseinow milli Liderimiziň bu eseriniň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyp, onda söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan ähli halklaryň taryhyna, medeniýetine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşugyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary netijeli gatnaşyklaryň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilip, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de umumydünýä medeni giňişligindäki netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.



Degişli Habarlar