Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Rumyniýanyň oňyn syýasaty hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde meşhur bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýinlik esasynda guralýan dostlukly türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Rumyniýanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen soňky ýyllarda has işjeňleşen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ösdürilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti we myhman ähli ugurlar boýunça — söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu ulgamda möhüm başlangyçlar, hususan-da, ýükleri daşamak üçin ykdysady taýdan has amatly halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmenbaşy şäherindäki iň döwrebap logistik düzüme eýe bolan täze Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen baglylykda, Ýewraziýa yklymynda, şol sanda Hazar we Gara deňiz sebitleriniň ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler açyldy.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeleriň netijeli döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparyna hem möhüm orun degişlidir. Onuň işi dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmelidir.

Şunda Rumyniýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da giňeltmäge çalyşýandyklary bellenildi. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmak boýunça alnan ugur — bularyň ählisi esasy rumyn we tutuş Ýewropa kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, bilim hem-de medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýtdylar.

Duşuşygyň çäklerinde, ilkinji nobatda, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Rumyniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmekde BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowan gatnaşdy.

***

Düýn Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Onda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. (TDH)



Degişli Habarlar