TÜRKMENISTAN WE RUMYNIÝA AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllarda hereketleriň Meýilnamasyna gol çekildi

TÜRKMENISTAN WE RUMYNIÝA AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

2018-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Rumyn tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministri Teodor Meleşkanu ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, taraplar bu ugurda özara arkalaşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligi babatda pikirleri alyşdylar. Şunlukda, ýokary derejedäki saparlaryň wajyp we uly ähmiýeti aýratyn bellenildi. Halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäginde DIM-iň ýolbaşçylary yzygiderli esasda geňeşmeleri geçirýändiklerini bellemek zerurdyr.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky özaragatnaşyklary barada aýdyp, taraplar energetika we ulag ulgamyny, şeýle hem Türkmenbaşy bilen Konstansa deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryny geljekde çuňlaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Hususan hem, taraplar bilim we medeni-ynsanperwer özaragatnaşygynyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada pikirlerini beýan etdiler.

2019-njy ýylyň birinji ýarymýyllygynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginde başlykyk etmeginiň çäginde Türkmenistanyň bu gurama bilen özaragatnaşygyny nazara alyp, Rumyniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň çaginde işjeň hyzmatdaşlygynyň goldanylmagyna umyt bildirildi.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllarda hereketleriň Meýilnamasyna gol çekildi. (Türkmenistan DIM)


Etiketkalar: Rumyniýa , Türkmenistan

Degişli Habarlar