Türkmen Liderini doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri gutlaýarlar

Hormatly jenap Prezident! Doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmen Liderini doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri gutlaýarlar

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Soňky ýyllarda strategik hyzmatdaşlykda hytaý-türkmen gatnaşyklary sagdyn we okgunly häsiýete eýe bolýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara syýasy ynam pugtalanýar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, halklarymyzyň arasynda däp bolan dostluk berkidilýär.

Men Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýärin. Siziň bilen bilelikde “Bir guşak, bir ýoly” gurmak, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge taýýardyrys.

Size berk jan saglyk we rowaçlyklar arzuw edýärin.

Si SZINPIN, 
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň türkmen halkynyň bähbidine ýadawsyz hyzmat etmegiňiz ýurduňyzda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň kepilidir.

Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejeli däp bolan hem-de özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size döwlet işiňizde täze üstünlikler we rowaçlyklar, Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 
Aleksandr LUKAŞENKO, 
Belarus Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň türkmen halkynyň bähbidine yzygiderli, netijeli işleriňiz, şeýle hem oňyn we parasatly syýasatyňyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär, Siziň döwletiňiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de onuň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynyň binýady bolup durýar.

Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň ygtybarly binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde hemmetaraplaýyn üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 
Pýotr POROŞENKO, 
Ukrainanyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Bu şanly günde doganlyk Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ulgamlarynda hem-de durmuş-ykdysady ösüşde soňky ýyllarda gazanan uly üstünliklerini aýratyn bellemek isleýärin, şeýle hem halkara derejesinde ýurduňyzyň abraýy barha artýar we pugtalanýar.

Türkmen halkynyň ýeten belent sepgitleri hem-de köp sanly üstünlikleri Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda amala aşyrylýan düýpli oýlanyşykly özgertmeleriň hakyky beýanydyr.

Siziň hut özüňiziň yzygiderli üns bermegiňiz hem-de hemmetaraplaýyn goldawyňyz netijesinde, özbek-türkmen gatnaşyklarynyň hil taýdan okgunly häsiýete eýe bolandygyna we strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygyna ýokary baha berýärin.

Siziň şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran taryhy ähmiýetli döwlet saparyňyz doganlyk halklarymyzyň arasynda köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, özara hormat goýmak, goldaw, deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynda möhüm sepgit boldy.

Däp bolan dostluk, ynanyşmak we oňyn ýagdaýda geçen netijeli gepleşikler, şeýle hem Siziň saparyňyzyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumy Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özara gyzyklanmany we ygrarlylygy ýene bir gezek görkezdi.

Bilelikdäki tagallalar bilen geljekde hem köpugurly özbek-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltjekdigimize, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygymyza, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň netijeli we doly möçberde durmuşa geçirilmegini üpjün etjekdigimize berk ynanýaryn.

Doganlyk Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň we mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň düýpli bähbitlerine doly kybap gelýändigine, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn.

Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet wezipäňizde belent üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen, 
Şawkat MIRZIÝOÝEW, 
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlyga uly baha berilýär. Şunda Siziň şahsy uly goşandyňyzy kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn we özara bähbitlilik esasynda iki halkyň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Ýakymly pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 
Sooronbaý ŽEENBEKOW, 
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiziň doglan güni mynasybetli uly şatlyk bilen tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we uly üstünlikler baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Tüýs ýürekden gutlaglarymy, dostluk we belent hormat goýýandygym baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Halifa Bin Zaýed AL NAHAÝAN, 
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti



Degişli Habarlar