Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymgulynyň Şygryýet güni mynasybetli dabara geçirildi

Ankarada ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni mynasybetli dabara geçirildi

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymgulynyň Şygryýet güni mynasybetli dabara geçirildi

«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Çärä Ankara şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýäniň birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň, TÜRKSOÝ-yň, Türkmenistanda işleýän käbir türk şereketleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,  ýokary okuw mekdepleriniň edebiýatşynas mugallymlary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary we raýatlarymyz gatnaşdylar.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde, bu ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Halkara medeni gatnaşyklary boýunça müdirliginiň direktory Ramazan Çokçewit we agzalan ministrligiň beýleki wekilleri gatnaşdylar.

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine göterilýändigi hem-de ýurdumyzda we dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça durmuşa geçirilen işler barada çykyşlar edildi.



Degişli Habarlar