Medeniýet hepdeligi - 2018

Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde guralan gyzykly wakalara baý boldy

Medeniýet hepdeligi - 2018

«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdyň öwüşginli wakalary bilen watandaşlarymyzyň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň uzak wagtlar ýadynda galar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylan iri möçberli döredijilik çäresi duşuşyklaryň, konsertleriň, sergileriň we maslahatlaryň uly baýramçylygyna öwrüldi. Onuň baş maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, onuň özboluşly ýörelgelerini we gadymy gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.

Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde guralan gyzykly wakalara baý boldy.

Günüň birinji ýarymynda “Gökdepe” milli muzeýinde “Beýik Ýüpek ýoly we muzeý gymmatlyklarynyň taryhy ähmiýetli” atly maslahat geçirildi, oňa ylmy işgärler, taryh we arheologiýa, abatlaýyş ulgamynyň hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinden muzeý işgärleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, milli taryhymyzy öwrenmek, halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek işleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu işleriň amala aşyrylmagynda taryhyň gymmatly subutnamalarynyň aýawly goralyp saklanylýan ýeri, ýurdumyzyň iri ylmy we aň-düşünje merkezleri bolan muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň örän gadymy, bäş müňýyla uzaýan taryhy, onuň özboluşly medeni dessurlary, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda görlüp-eşidilmedik gazananlary — bularyň ählisi örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmen arheologlarynyň geçiren tutanýerli gazuw-agtaryş işleriniň netijesi bolan gymmatly gadymy tapyndylar muzeý gaznalarynyň aýratyn buýsanjy bolup durýar. Halkyň taryhy durmuşynyň, türkmenleriň gadymdan gelýän durmuş däpleriniň gadymy esbaplarynyň, senetçiligiň we folklor döredijiliginiň üsti bilen şu günlere ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz taryhy-medeni ýadygärliklere örän baýdyr, olar gurluşygyň we senetçiligiň ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýär. Olaryň binýadynda amaly-haşam sungaty döredi we kemala geldi, milli binagärlik, aýdym-saz hem-de edebi döredijilik gülläp ösdi.

Häzirki wagtda ozallar Aziýany we Ýewropany söwda ýollary arkaly birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluna täsin taryhy-medeni özboluşlylyk hökmünde garalýar. Bu gadymy kerwen ýolunyň ähmiýeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynda giňden we çeper keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär.

Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Dehistan, Sarahs, Abiwerd şäherleriniň we Gökdepe galasynyň galyndylarynyň çäkleri açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir, olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edildi.

Maslahatyň barşynda muzeý öwreniş işleriniň, maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmegiň ugurlaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gymmatlyklar diňe bir milli däl-de, umumadamzat ähmiýetine eýedir. Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan muzeý gymmatlyklarynyň toplumy görkezildi.

Düýn Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda “Şirwan perdäniň owazlary” ady bilen çäre geçirildi. Onda bagşylar öz ussatlygyny görkezdiler. 2016-njy ýylda bu ýerde “Halypa-şägirtlik mekdebi — halkymyzyň ruhy mirasy” atly bagşylaryň birinji festiwalynyň guralandygyny bellemek gerek. Ol milli aýdym-saz sungatyny, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmäge we çuňňur öwrenmäge goşant goşdy. Konserte bu görnüşde halk arasynda ady hormat bilen “halypa” diýlip tutulýan meşhur ýerine ýetirijiler, olaryň ýaş zehinli şägirtleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden dessançylar we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary Medeniýet hepdeliginiň ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmen jigitleri deňsiz-taýsyz ahalteke bedewlerinde at çapmagyň ajaýyp ussatlygyny, dogumlylygy we çalasynlygy görkezdiler.

Türkmenleriň köp müňýyllyk taryhy ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Halkymyz ähli güýjüni, zehinini, kalbyny sarp edip, tebigat bilen sazlaşykda deňi-taýy bolmadyk gymmatlyk döretdi.

Şoňa görä-de, häzir Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewler ýurdumyzda umumymilli toýlaryň bezegi bolup durýar.

Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak işler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan atçylygyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlarynyň we at çapyşyklarynyň, iri bäsleşikleriň ýeňijileri bolýarlar.

Türkmen jigitleriniň ajaýyp ussatlygy 2013-nji ýylda Moskwada geçirilen Bütindünýä “IDOL” sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latyna şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklar bilen bellenildi. Şeýle hem ýigitlerimiz Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda çykyş etdiler we her gezek uly üstünliklere beslendiler.

Şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde, “Fontankada” geçirilen I halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen çapyksuwarlary “Altyn Gaetano” baş baýragyna mynasyp boldular. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýän watandaşlarymyzda nobatdaky buýsanç duýgusyny döretdi.

Döredijilik forumynyň dördünji güni Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki sahna meýdançasynda halk we häzirki zaman aýdymlary we sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. (TDH)



Degişli Habarlar