Türkmen wekiliýet Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Türkmen wekiliýet Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kuniýo Mukuriýa bilen duşuşdy.

Duşuşykda Guramanyň halkara gümrük hyzmatdaşlygy babatda geljegi bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekilip, Türkmenistanyň döwrebap infrastuktura desgalary bilen sebit we halkara derejesinde söwda hem-de ulag-logistika ulgamlarynyň möhüm bölegine öwrülýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

Taraplar ýolbaşçy we hünärmen derejesinde özara saparlary guramak, gümrük işi bilen bagly milli we döwletara hukuk binýadyny has-da berkitmek, bu ugurdaky bar bolan kanunçylyk namalaryny seljermek we täze zerur resminamalary işläp taýýarlamak, halkara gümrük maksatnamalary we okuw çäreleri boýunça tejribe alyşmak, halkara awtomatlaşdyrylan gümrük ulgamlaryny özleşdirmek we ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň hünär taýýarlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalary dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda, geljek hepde meýilleşdirilýän Guramanyň Baş sekretarynyň saýlawlarynda täzeden saýlanmak üçin dalaşgärlik edýän jenap Kuniýo Mikuriýa üstünlik arzuw edildi. (Türkmenistan DIM)



Degişli Habarlar