Berdimuhamedow iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

997147
Berdimuhamedow iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak hem-de ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezinde bina edilen kiçi etrapçany ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde hem halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, örän baý tebigy serişdeleri okgunly özleşdirmek hem-de halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny işjeň ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmenabat şäheri hem düýpgöter täze keşbe eýe boldy. Bu ýerde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgerişlikler alnyp barylýan işleriniň geriminde öz beýanyny tapýar. Hemme amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy durmuş ähmiýetli desgalaryň möhüm ugry bolup, onuň netijesinde adamlaryň durmuş derejesi hem ýokarlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň baş maksady bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz iri ýaşaýyş toplumlarynyň açylyş dabaralaryna ýygy-ýygydan gatnaşýar, täze öýleriň eýeleriniň şatlygyny paýlaşýar, şeýle hem täze binalaryň düýbüni tutmak çärelerine gatnaşyp, binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen içgin tanyşýar, adam üçin has amatly giňişligi döretmek nukdaýnazaryndan zerur bolan üýtgetmeleri girizýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda halkymyzyň abadançylygy barada içgin alada edilýändiginiň aýdyň mysallarydyr, munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Lebap welaýatynda hem medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň ýüzlerçesi ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda umumy bilim berýän mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň 100-den gowragy, 50-ä golaý sport mekdebi, stadionlar, beýleki desgalar, ýüzlerçe köp gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlary bar. Halaç etrabynda Berkarar zaman obasy, on bäş sany medeniýet öýleri, welaýat kitaphanasy, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, suw arassalaýjy desgalar, täze gaz we suw geçirijileriň, elektrik geçiriji we aragatnaşyk ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň onlarça kilometri ulanmaga berildi.

... Ir bilen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumynyň bina edilýän ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, dürli pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, hormatly ýaşulular we ýaşlar garşylaýarlar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik, mähirli ýagdaýda mübärekleýärler.

Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.

Welaýatyň döredijilik toparlary baýramçylyk aýdym-sazlary bilen çykyş edýärler. Ýaşajyk sazandalaryň sazandarlyk etmeginde belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar ýaňlanýar. Jemlenen tans topary horeografiýa çykyşyny ýerine ýetirýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda körpe nesliň wekilleri – oglanjyk we gyzjagaz gelýär. Olar milli Liderimizi gutlaýarlar, berk jan saglyk we köpugurly işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärler. Çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz şu günki şanly waka mynasybetli geljekki nesiller üçin ýadygärlik ýazgysyna gol çekýär, ol ýörite gutuda ýerleşdirilýär.

Din wekilleri we hormatly ýaşulular Beýik Biribardan eziz Watanymyza abadançylyk, rowaçlyk, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda üstünlik dileg edip, aýat-töwir okadylar.

Soňra däp boýunça milli Liderimiz täze ýaşaýyş toplumynyň binýadyna pil bilen beton guýup, gurluşyga badalga berýär, bu pursat ýygnananlar tarapyndan ruhubelentlik we joşgun bilen garşylanyldy. Dabara beýleki gatnaşyjylar, ilkinji nobatda, welaýatyň hormatly ýaşululary hem milli Liderimiziň göreldesine eýerýärler.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda peýda boljak täze ýaşaýyş toplumynyň düzümine her biri 32 öýden ybarat bolan dört gatly öýleriň 17-si, şeýle hem 2 gatly kottej görnüşli ýer bölegi we beýleki hojalyk jaýlary bolan öýleriň 170-si girýär.

Dört gatly jaýlarda meýdany 101 we 119 inedördül metre deň bolan 3 otagly öýler ýerleşdiriler. Bäş otagly kottej görnüşli jaýlaryň ýaşaýyş meýdany 250 inedördül metr bolar.

Ýaşaýyş toplumynyň çäginde 600 orunlyk orta mekdep, häzirki zaman söwda merkezi, durmuş hyzmatlar öýi bina ediler. Bu desgalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan şol ýoluň ugrunda bina edilen täze ýaşaýyş toplumynyň açylýan ýerine barýar.

Şu ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýär hem-de döwlet Baştutanymyz şu ýylyň dowamynda indi ikinji gezek welaýat merkeziniň bu etrabyna gelip görýär. 26-njy fewralda gadymy Amul galasynyň golaýynda milli Liderimiz “Amul — Hazar 2018” taslamasyna, welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna badalga berdi, şeýle hem häzirki zaman Türkmenabat Halkara howa menzilini açdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen örän möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky on ýylyň dowamynda şäheriň günorta-gündogar çäginde ýerleşýän bu künjek şäherçeleri, gök zolaklary, durmuş üpjünçilik desgalary, iň häzirki zaman kärhanalary bolan ýaşamak üçin iň amatly mekana öwrüldi, kärhanalaryň hatarynda ýyllyk kuwwaty 80 müň tonna bolan, 100 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatorly un üweýän toplum, kuwwaty 149,2 megewatt bolan gazturbina elektrik bekedi bar.

Şu tomusda “Lebapmiwe” obasenagat birleşiginiň bir wagtyň özünde 3 müň tonna önümi saklamaga niýetlenen täze, iň häzirki zaman sowadyjy toplumy gök ekinleri, miweleri we bakja önümlerini kabul edip başlar. Bu ýerde şäheriň günorta tarapynda häzirki wagtda köp sanly durmuş maksatly desgalar ýerleşýär. Olar soňky ýyllarda gurlan sport mekdebi, welaýat atçylyk sport toplumy, durmuş hyzmaty desgalarydyr.

Şeýle hem bu künjekde ýakyn geljekde hususy öýler, kottejler bilen bir hatarda beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalaryny öz içine alýan häzirki zaman köp gatly ýaşaýyş toplumlary peýda bolar, ine, bu gün hem bu künjekde ilkinji köp gatly ýaşaýyş toplumy ýaşaýjylary kabul etmäge taýýar edildi.

Ýaşaýyş toplumy ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly jaýlaryň ýigrimi ikisinden ybaratdyr. Her bir jaýda 40 öý ýerleşýär. Uly we kiçi maşgalalar üçin niýetlenen 2,3,4 otagly ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan guruldy. Bu giň möçberli durmuş maksatly taslamany amala aşyrmaga Lebap welaýatynyň döwlet gurluşyk edaralary hem öz goşantlaryny goşdular.

Adamlaryň durmuşy, döredijilikli zähmeti, amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin aňrybaş şertleri üpjün etmek maksady bilen, taslamalar işlenip düzülende hem-de durmuşa geçirilende, olaryň her bir bölegi oýlanyşykly seljerilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu talaplaryň deň derejede paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine degişlidir diýip belledi. 

Şu gün açylýan jaýlardaky giň we ýagty otagly, göwnejaý enjamlaşdyrylan aşhanaly, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini ulanmak bilen owadan timarlanan öýlerde amatly ýaşamak üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman binagärlik usulynda milli binagärlik ýörelgeleri ulanmak bilen guruldy. Bu ajaýyp ýaşaýyş toplumynda müňe golaý maşgala täze öýlere göçüp bardy.

Türkmenabat şäheriniň täze ýaşaýyş toplumynda hem ýaşaýyş-durmuş düzüminiň ähli zerur desgalary, göwnejaý enjamlaşdyrylan çagalar baglary we sport oýun meýdançalary bar. Çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça işleriň uly toplumy ýerine ýetirildi. Asfalt ýol, yşyklandyryş ulgamy çekildi, ýaş agaç nahallary oturdyldy, güller ekildi.

Bu gün ýaşaýyş toplumy baýramçylyk lybasyna beslendi. Ýygnanlar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlaýarlar.

Gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar. Ýaş türkmenabatlylar bolsa döwlet Baştutanymyzy joşgunly goşgular bilen garşylaýarlar, döredijilik toparlary, estrada ussatlary aýdym-saz, tans kompozisiýalaryny ýerine ýetirýärler.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň başlanýan ýerinde gurlan derwezäniň toý bagyny kesýär.

Binalaryň her biriniň öňünde aýdymçylar, sazandalar, folklor toparlary çykyş edýärler. Aýdymlar we goşgular ýaňlanýar, halk dessurlaryny beýan edilýän sahnalar ýerine ýetirilýär. Baýramçylyk dabarasynyň myhmanlaryna däp bolan tagamlar hem-de melhemlik otlar taýýarlanylan çaý hödürlenilýär. Ýaş suratkeşler baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursatlaryny şöhlelendirmäge howlugýarlar.

Täze ýaşaýyş jaý toplumy welaýatyň ilatynyň durmuşynyň yzygiderli gowulandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Milli Liderimiz ýol ugrunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gurlan kaşaň binalary synlady.

Ýaşaýyş jaýlarynyň öňünden geçýän ýoluň tutuş ugrunda Lebap welaýatyna mahsus bolan toý dessurlaryny görkezýän aýdym-sazly sahnalar ýaýbaňlandyryldy.

Soňra täze jaýdan öý alan maşgalalaryň biriniň çagyrmagy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jaý toýuny tutýan bagtyýar maşgalanyňkyda myhmançylykda bolup, olar bilen ýakyndan tanyşdy hem-de olaryň iş-aladalary bilen gyzyklandy.

Öý eýesi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda işleýändigini aýtdy. Onuň maşgalasy mekdepde mugallym bolup işleýär. Mugallymlar, uly nesliň wekilleri, halypalar türkmenlerde hemişe uly hormat-sarpadan peýdalanypdyr, çünki özüniň taryhynyň tutuş dowamynda nesilleri terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdir diýip, milli Liderimiz belledi. Bu asylly däpler häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Bagtyýar maşgalanyň bäş ogly, bir gyzy bar. Olaryň körpeleri bolan ekiz ogullary öz işleri, hünärleri barada gürrüň berdiler.

Döwlet Baştutanymyz öňden gelýän däp-dessurlary berk berjaý edýän, ýaşululara hormat goýmak hem-de ösüp gelýän nesli barada alada etmek däplerine eýerýän agzybir hem-de berk maşgalany görmäge örän şatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz öý eýelerinden täze öý baradaky pikiri bilen gyzyklanýar. Jaý toýuny tutýan maşgala milli Liderimize ýurdumyzyň raýatlary barada bimöçber alada edýändigi hem-de şeýle ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri almak üçin döredýän mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu jaýlar ähli babatda häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär hem-de has oňaýlylygy bilen tapawutlanýar.

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin mynasyp şertleri döretmek döwletimiziň möhüm wezipesidigini nygtady we döwletimiziň mundan beýläk hem halkymyzyň abadançylygy, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada alada etjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öý eýelerini täze jaý toýy bilen gutlap, täze öýde bagtyýar durmuş, maşgala abadançylygyny, jan saglygyny hem-de üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz mähirli hoşlaşyp, öýden çykdy hem-de ajaýyp täze binalaryň ugry boýunça ýoluny dowam etdi.

Şu gün bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, baýdaklar parlaýar, asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar. Täze desgalaryň açylyş dabarasynda halkymyzyň baý medeni däpleri hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman sungatynyň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. Esasysy bolsa, bu baýramçylyk dabaralarynyň ählisinde türkmenistanlylaryň eziz Watanymyza, milli Liderimize buýsanjy beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary täze ýaşaýyş toplumynyň açylmagy hem-de türkmenabatlylar üçin nobatdaky jaýlaryň düýbüniň tutulmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, dabara gatnaşýanlar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de Lebabyň merkezi şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden paýtagtymyza ugrady.

Welaýatyň durmuşyndaky şanly waka mynasybetli şu gün toý sadakasy berildi. Onda milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işinde täze üstünlikler gazanmagy barada doga-dileg edildi.

Şu günki täze ýaşaýyş jaý toýuny tutmak dabarasy gadymy Amulyň iň täze taryhyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy. Okgunly ösýän, Türkmenistanyň iri senagat merkezi Türkmenabat şäheri Amulyň ajaýyp däplerini dowam etdirýär. Geçen asyrlarda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ähmiýetli merkez bolup durýar.(TDH)



Degişli Habarlar