Sloweniýanyň ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY

993567
Sloweniýanyň ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

2018-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz diplomatik işini tamamlaýan Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Primož Şeligo bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi soňky ýyllarda Ilçihananyň işine berilen goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini belläp, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky özara gatnaşyklarynyň meseleleri barada pikirleri alyşdylar. Taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýän wajyp mehanizmleriň biridigini bellediler.

Duşuşygyň soňunda türkmen tarapy Primož Şeligo Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde goşan goşandy üçin özüniň minnetdarlygyny bildirip, mundan beýläk hem işinde üstünlikler arzuw etdi. (TDH)



Degişli Habarlar