AŞGABATDA TÜRKMEN-PALESTIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

Palestin wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýa ýolbaşçylyk etdi

969097
AŞGABATDA TÜRKMEN-PALESTIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Palestinanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirildi. Palestin wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýa ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk esasyndan gelip çykýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek meýillerini beýan etdiler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda taraplar parlamentara gatnaşyklaryny, şeýle hem medisina we derman senagaty, gurluşyk, oba hojlayk we suw serişdeleri pudaklarynda hyzmatdaşlygy bellediler.

Wekiliýet ýolbaşçylary söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň meselelerini ara layp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň telekeçileriniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem daşary ýurt maýa goýum mümkinçiliklerini ara aly maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýlan gepleşikleri dowam etmegiň ähmiýetini bellediler. (TDH)


Etiketkalar: #türkmen , #palestin , #duşuşyk

Degişli Habarlar