Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentine gynanç bildirdi

Berdimuhamedow howa menziliniň golaýynda harby-ulag uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika Bufarik howa menziliniň golaýynda harby-ulag uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Beýik Biribardan sabyr-takat diläp, ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.(TDH)



Degişli Habarlar