Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň oýny

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň deňme-deň oýny

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň  oýny

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň toparlarynyň ilkinji oýny boldy. Onda “Ahal” topary paýtagtyň “Altyn asyr” topary bilen duşuşdy.

Geçen möwsümde «Türkmenistanyň çempiony» diýen at ugrunda bäsleşen bu toparlaryň arasyndaky oýun örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

Garaşylyşy ýaly, oýnuň birinji ýarymynda toparlaryň ikisi hem goranyşa üns berdiler. Oýun çekeleşikli bolan bolsa-da, iş ýüzünde pökgi salynmadyk pursatlar bilen geçdi. Ýöne ýaryşyň deňme-deň barşy hiç topary, aýratyn-da oýnuň öňdebaryjysy “Altyn asyry” kanagatlandyrmady. Bäsleşigiň barşynda bu topardakylaryň tizligi düýpli artyp, “Ahalyň” futbolçylary bäsdeşleriniň hüjümlerine gaýtawul bermeli boldular.

“Altyn asyryň” futbolçylary oýunda diňe bir çäk däl, eýsem, oýun artykmaçlyklaryna hem eýediler. Şeýle-de bolsa, paýtagtyň futbol toparynyň ähli tagallalaryna garamazdan, oýun jemleýji netijä getirip bilmedi. Duşuşyk 0:0 hasaby bilen tamamlandy.
Bäsleşigiň toparlaýyn derejesindäki üç oýnuň jeminden soň, “Altyn asyr” futbol topary bäş utuk toplap, häzirki pursatda ikinji orny eýeleýär. “Ahal” toparynda bolsa dört utuk bar. “D” toparynda iň öňdäki orna türkmen toparlarynyň deňme-deň oýnundan peýdalanmagy başaran Täjigistanyň “Istiklol” topary gyrgyzlaryň “Alaý” toparyny 1:0 hasaby bilen sähelçe artykmaçlykda ýeňmek arkaly çykdy.(TDH)



Degişli Habarlar