Marokkodaky ýaryşda türkmen dzýudoçysynyň üstünligi

Agadir şäherinde (Marokko Patyşalygy) badalga alan dzýudo boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly ýaryşda Türkmenistandan bolan türgenler çykyşlaryna üstünlikli başladylar

Marokkodaky ýaryşda türkmen dzýudoçysynyň üstünligi

52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe bolan halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa üstünlik gazandy. Ýaryşlara dürli derejeli ýaryşlarda has ýokary netijeleri gazanan ildeşlerimiziň 8-si gatnaşýar.

Gülbadam Babamuratowa dzýudo, sambo we beýleki başa-baş söweşleriniň türkmen mekdebiniň ajaýyp türgen gyzlarynyň biridir. Onuň gazanan üstünlikleriniň hatarynda geçen ýylky birnäçe ähmiýetli ýaryşlardaky ýeňişleri bar: Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky halkara ýaryşda, “Memorial Harlampiýew” atly sambo boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda, Daşkentde sambo boýunça Aziýa çempionatynda, Aşgabatdaky V Aziýa oýunlarynda hem-de Soçide (Russiýa Federasiýasy) sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda gazanan altyn medaly bar. (TDH)



Degişli Habarlar