Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi

Düýn sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy

922881
Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi

Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sport ulagynda sähranyň içinden geçýän çöllük ýol bilen menzil aşyp barşyna ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň ynsan saglygynyň berkidilmeginde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.

Soňky ýyllarda biziň türgenlerimiz halkara derejede geçirilýän sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmegi munuň subutnamasydyr. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň söweş sungaty milli federasiýasynyň türgenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda medallaryň has köpüsini gazandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi netijesinde ýurdumyzda awtomobil sporty hem barha meşhurlyga eýe bolýar, sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi üçin giň möçberli çäreler guralýar, awtomobil sportuny we motosporty ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Muňa öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralan ýaryş awtoulaglarynyň synag bäsleşikleri hem şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaşlaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýan awtomobil we motosport merkezleri hereket edýär. Türkmen türgenleriniň toparynyň halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýandyklary milli Liderimiziň sport ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat halkara awtorallisini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi, bu bäsleşiklerde ýurdumyzyň türgenleri ýokary netijeleri gazandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti sport awtoulagynda Garagum sährasy boýunça eden şu gezekki ýörişiniň dowamynda ogly bilen “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdy. Türkmenistanyň Prezidenti teklibi boýunça bu awtomobil ýörişi Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçer.

Türkmenistanlylar halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen, altyn medallaryň ýüzlerçesine mynasyp bolýarlar. Bu ajaýyp üstünlikler Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýaşyl Tugunyň dünýäniň islendik künjeginde belende galdyrylmagy ýaly, ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbyny buýsançdan doldurýan tolgundyryjy pursatlary emele getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellemek bilen, ildeşlerimiziň halkara ýaryşlarda ýeňişleri gazanyp, Ýer ýüzünde merdana türkmen halkynyň şöhratyny, Watanymyzyň abraýyny artdyrýandyklaryny nygtaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport hereketini ösdürmegiň öňüni çekmek hem-de oňa ählihalk derejesini bermek bilen, öz şahsy göreldesi esasynda diňe bir beden taýdan kämilleşmäge we ýokary netijeleri gazanmaga däl-de, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine çagyrýar, şunda ynsanyň ruhy-ahlak dünýäsiniň, onuň garaýyşlarynyň derejesine uly üns berilýär, şol garaýyşlaryň esasynda hem Watana söýgi we onuň kuwwatynyň we gözelliginiň artdyrylmagyna hyjuw emele gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda Awtomobil sporty boýunça häzirki zaman awtodromy bolan milli merkeziň, yzygiderli geçirilýän ýurdumyzyň çempionatlarynyň, ýokary tizlikli sport awtomobilleriniň satyn alynýandygynyň ähmiýetini ýene bir gezek bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen giňden meşgullanmagyna, şeýle hem awtomobil sürüjileriniň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Bularyň ählisi Türkmenistanda awtomobil sporty boýunça iri halkara ýaryşlaryň, şol sanda öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bu awtoralli Watanymyzyň dünýäde sport döwleti hökmündäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolar diýip, sport awtoulagynda özüniň ýekşenbe günündäki ýörişini tamamlamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. (TDH)



Degişli Habarlar