Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň agzasy boldy

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň düzümine agza saýlanyldy

919330
Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň agzasy boldy

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň düzümine agza saýlanyldy

22-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýany kabul etmeginiň ilkinji ýylynda Türkmenistanyň BMG-niň bu abraýly düzümine saýlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ulag diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň başlangyçlaryna halkara bileleşiginiň belent ynamynyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyzda “Türkmenistan -- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda Türkmenistanyň içerki ulag boýunça Komitetiň düzüminiň agzalygyna saýlanylmagy buýsançly ýagdaýdyr.

BMG-niň ÝYK –niň içerki ulag boýunça Komiteti (IUK) BMG-niň hökümetara edarasy bolup, awtomobil, demir ýol, ulaglaryň içerki suw görnüşleri, şeýle hem Ýewropa yklymynda utgaşdyrylan gatnawlar ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýär.

IUK BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ulag babatynda esasy düzümleriniň biri bolup, ol 1947-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda 56 ýurt bu Komitetiň agzalarydyr.

IUK özüniň kömekçi edaralary bilen bilelikde umumyýewropa hökümetara meýdançasyny hödürleýär, onda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň agza ýurtlary bilelikde ýygnanyşyp, ykdysady hyzmatdaşlyk üçin gurallary döretmek hem-de içerki ulag boýunça halkara-hukuk resminamalaryny kabul etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu hukuk resminamalary netijeli, ylalaşylan hem-de goşulyşylan, howpsuz we durnukly ýewropa ulag ulgamlaryny işläp düzmek üçin zerur hasap edilýär.

IUK-nyň edarasynyň esasy wezipeleri işleriň maksatnamasynyň monitoringini we amala aşyrylmagynyň üpjünçiligini hem-de içerki ulag boýunça Komitetiň möwsüm arasyndaky döwürde kabul edilen çözgütleriň we maslahatlaryň ýerine ýetirilmegini, ýolbaşçy ýörelgeleri hasaba almak bilen, degişli kadalaryň doly berjaý edilmeginde mejlisleriň geçirilýän döwründe işleriň netijeli alnyp barylmagyny üpjün etmek, şeýle hem çözgütler we maslahatlar boýunça ylalaşygyň gazanylmagyna ýardam bermek çärelerinden ybaratdyr.

Komitetiň Býurosy 14 agzadan ybarat bolup, olar iki ýyllyk möhlet bilen saýlanylýar. Agzalaryň arasyndan Býuronyň başlygy we onuň dört orunbasary saýlanýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG-niň bu abraýly düzümine girizilmegi biziň ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýändigini dünýä bileleşiginiň ykrar edýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr, ýurdumyz bu halkara söwda –medeni ýolunyň ýüregidir hem-de taryhy sahnada hereketlendiriji ösüş güýji hökmünde öz esasy ornuny eýelemek bilen, häzirki wagtda ulag –logistika ulgamyny işjeň ösdürýär, bu ulgam hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde halkara syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.(TDH)


Etiketkalar: #Türkmenistan , #Ýewropa , #BMG , #kada

Degişli Habarlar