Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy

Düýn paýtagtymyzda boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň ilkinji ýaryşlary geçirildi

910316
Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy

Ony Türkmenistanyň Boks Federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilelikde guraýarlar.

Ýaryşlara erkekleriň we zenanlaryň arasynda on agram derejesinde paýtagtymyzdan we welaýatlardan türgenleriň jemi ýüze golaýy gatnaşýar.

Ýaryşlaryň açylyş dabarasynda Höwesjeň boksçylaryň halkara assosiasiýasynyň wise-prezidenti we Aziýa boks konfederasiýasynyň prezidenti Serik Konakbaýew şu gezekki çempionatyň sportuň bu görnüşini ösdürmekde örän möhüm çäredigini hem-de bu bäsleşikleriň enjamlaşdyrylyş derejesi hem-de gerimi boýunça sebitde deňi-taýy bolmadyk, iň ýokary derejeli ýaryşlaryň geçirilmegine mynasyp bolan Olimpiýa şäherjiginde guralýandygynyň buýsançly ýagdaýdygyny nygtady.

Dabaranyň çäklerinde döredijilik toparlarynyň we belli türkmen estrada aýdymçylarynyň çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle hem şol gün agşam 6 agram derejesinde 1/8 finalyň ilkinji bäsleşikleri geçirildi.

Aşgabatdan Baýramhan Permanow we Mary welaýatynyň toparyndan Batyr Orazmyradow 56 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlary açdylar. Baýramhan tutluşygy işjeň başlap, bäsdeşine güýçli urgulary ýetirdi hem-de ilkinji bäsleşikde tomaşaçylar ikinji raundyň ortasynda birinji nokautyň şaýady boldular.

60 kilograma çenli agram derejede aşgabatly Ýazmyrat Gurbanow eýýäm birinji raundda Lebap welaýatyndan Mansur Gurbanowa yzygiderli hüjüm etdi. Netijede, onuň bäsdeşi ikinji raundda tutluşygy bes etmek kararyna geldi.

Şu gün 64 kilogram agram derejesinde paýtagtly türgenleriň arasynda iki duşuşyk geçirildi. Muhammet Berdiýew Sünnet Annaseýidowy, Şöhrat Durdyýew bolsa Ýunus Döwletowy ýeňmegi başardylar.

69 kilograma çenli agram derejesindäki birinji duşuşyk aşgabatly boksçularyň arasynda geçirildi. Netijede, Muhammetmyrat Sähedow Kerim Esenmyradowy yzly-yzyna urgular bilen nokauta ugratdy.

Şeýle hem şu agram derejesinde Rahym Atabaýew (Aşgabat) Nurberdi Kulikowy (Balkan) ýeňdi, Daşoguz toparyndan Timur Täjimow bolsa çekeleşikli tutluşygyň netijesinde utuklaryň hasaby boýunça lebaply Şahruh Şaripowdan üstün çykdy.

Rasul Ýoldaşew (Daşoguz) 75 kilograma çenli agram derejesinde aşgabatly Serdar Hudaýberdiýewi ýeňmegi başardy.

Iň agyr—91 kilogramdan ýokary argam derejesindäki bäsleşikleriň jemleri boýunça paýtagtymyzyň toparyndan daşoguzly Gurbandurdy Gummyşowdan üstün çykan Baky Toýçyýew hem-de Guwanç Akyýewden has köp dürs urgulary toplan Tejen Hommadow bäsleşigi dowam etdirdiler.

Şu gün ýaryş çärýek final duşuşyklary, şol sanda zenanlaryň arasyndaky bäsleşikler bilen dowam eder. (TDH)



Degişli Habarlar