Türkmenistanyň Prezidenti Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwrebap megapolise öwrülýän paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Täze zaman diýen simwoliki ada eýe bolan hem-de paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşen ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Şu gün bu ýerde iki we bir gatly jaýlaryň 1 müň 152-si ulanmaga berildi. Bulardan başga-da, 179,85 gektar meýdany eýeleýän bu tapgyryň täze binalarynyň hatarynda 600 okuwçy orunlyk orta mekdep, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany bar.

Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Şeýle hem degişli ýol-ulag we inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutuldy. Ähli işler ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.

Ýeri gelende ýatlasak, Täze zaman ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji toplumy 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda açyldy. Soňra onuň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köpsanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalar bina edildi, birnäçe seýilgäh zolaklary guruldy. Ine, bu gün bolsa bu ýerde nobatdaky täze jaý toýlary tutulýar.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler gatnaşdylar. (tdh.gov.tm)



Degişli Habarlar