Aşgabatda FIFA-nyň dünýä Kubogy görkezildi

Her dört ýyldan nobatdaky dünýä çempionatynyň öň ýanynda Kubok ýurtlar we yklymlar boýunça “syýahat” edip, futbol janköýerlerine meşhur sylagy görmäge hem-de uly sport wakasyna dahyllydygyňy duýmaga mümkinçilik berýär

Aşgabatda FIFA-nyň dünýä Kubogy görkezildi

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline ýörite ugur bilen Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) hem-de sportuň şu görnüşi boýunça iri ýaryşlaryň däp boýunça hemaýatkäri bolup çykyş edýän “Coco-cola” kompaniýasynyň wekilleri geldiler. Myhmanlar 2018-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilýän dünýä boýunça aýlanyp çykmagyň çäklerinde, Ýer ýüzüniň futbola degişli baş baýraklarynyň birini — FIFA-nyň dünýä Kubogyny ilkinji gezek Türkmenistana getirdiler.

Her dört ýyldan nobatdaky dünýä çempionatynyň öň ýanynda Kubok ýurtlar we yklymlar boýunça “syýahat” edip, futbol janköýerlerine meşhur sylagy görmäge hem-de uly sport wakasyna dahyllydygyňy duýmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, Milli olimpiýa komitetiniň ygtyýarly wekilleri myhmanlary garşylamaga ýygnandylar.

Soňra wekiliýet FIFA-nyň dünýä Kubogynyň resmi taýdan tanyşdyrylyşynyň geçiriljek ýeri bolan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezine ugrady.

Myhmanlar ýolugruna baryşlaryna ak mermerli Aşgabadyň hem-de aýratyn-da, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýerine öwrülen Olimpiýa şäherjiginiň gözelliklerine ýokary baha berdiler.

“Aşgabat 2017” oýunlary hökmünde belli bolan bu ýaryşlarda türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary hem-de olaryň gazanan medallary Türkmenistany bütin dünýä diňe bir sport döwleti hökmünde däl, eýsem, onuň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we dünýä üçin açykdygyny görkezdi.

“Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň girelgesinde futboluň köpsanly janköýerleri wekiliýeti şowhunly elçarpyşmalar bileen garşylady. Merkeziň aşaky gatynda, ýörite münberde FIFA-nyň dünýä Kubogy mynasyp orun tutdy.

Soňra FIFA-nyň wekili Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysyna sowgat hökmünde FIFA-nyň dünýä Kubogynyň nusgasyny gowşurdy.

Meşhur futbolçy Kristian Karembýo sap altyndan taýýarlanylan hakyky Kubogy sahna boýunça alyp göterip geçdi. Şondan soň isleg bildirenler Kubogyň ýanynda surata düşmäge mümkinçilik aldylar. Munuň özi bu ýere ýygnanan ýaşlarda aýratyn şatlyk döretdi.

Surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýurdumyzyň myhmanlary dünýä boýunça aýlanyp çykmagyny dowam etmek üçin Aşgabadyň Halkara howa menziline ugradylar.



Degişli Habarlar