Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy dürli ulgamlarda taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sazlaşykly ykdysady ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurt hünärmenleriniň döwrebap tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllyk bilelikdäki işiň netijesinde oňyn tejribe toplanan “ARETI” kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, dürli ulgamlarda, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.

Bildirilýän ýokary ynam üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşgyň ahyrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we “PRETI” Halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti Igor Makarow özara bähbitleri we anyk netijelere gönükdirilen tagallalary nazara almak bilen ýola goýulýan oňyn hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etjekdigine ynam bildirdiler. (tdh.gov.tm)



Degişli Habarlar