Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine garaldy

Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny açyp, ulanmaga bermek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz-meýdan işlerine taýýarlamak, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümler bilen alnyp barylýan işler, şeýle hem ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda toplumlaýyn agrotehniki çäreleri durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Amul--Hazar 2018” Halkara awtorallisine, “Beýik Ýüpek ýoly” ugry boýunça geçiriljek welosipedli ýörüşe we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek, Nowruz baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew öz gezeginde welaýatyň ähli çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekill iş maslahatynyň ahyrynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň we milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. (tdh.gov.tm)



Degişli Habarlar