Hakan Fidan Telefon Söhbetdeşliklerini Dowam Etdirýär

Fidan bilen Blinken, Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2047999
Hakan Fidan Telefon Söhbetdeşliklerini Dowam Etdirýär

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Fidan bilen Blinken, Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen öňňin hem mesele hakynda telefon arkaly pikir alyşypdy.

Daşary işler ministri Fidan, Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda İordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen as Safedi we İspaniýanyň Daşary işler ministri Hoze Manuel Albares bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.



Degişli Habarlar