Hulusi Akaryň ertir Patrik Şenahen bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akaryň ertir ABŞ-niň Goranmak ministriniň wekili Patrik Şenahen bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär

1143621
Hulusi Akaryň ertir Patrik Şenahen bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Hulusi Akar, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.

NATO ştabynda 13-nji fewralda geçiriljek maslahata gatnaşjak Akaryň, ikiçäk duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Akaryň duşuşyk geçirjek adamlaryň hatarynda ABŞ-niň Goranmak ministriniň wekili Patrik Şenaheniň bardygy hem mälim edildi.

Akaryň duşuşyk geçirjek adamlarynyň ýene-de biri bolsa Gresiýanyň Goranmak ministri Ewangelos Apostolakis bolar.

Hulusi Akaryň şeýle hem Italiýa, Fransiýa, Çernogoriýa we Gruziýa ýaly ýurtlaryň Goranmak ministrleri bilen duşuşjakdygy beýan edildi.


Etiketkalar: #Hulusi Akar , #Belgiýa

Degişli Habarlar