Prezident Erdogan Stambul Atatürk Medeniýet merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Stambul Atatürk Medeniýet merkeziniň bir ýeňiş ýadygärligi boljakdygyny beýan etdi

erdogan akm temel atma1.jpg

Taksim meýdançasynda Atatürk Medeniýet merkeziniň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş eden Erdogan, şu gün Türkiýäniň sungat we medeniýet ugrunda täze eýýäm başlatjak uly bir göçüm edendiklerini habar berdi.

Erdogan Atatürk Medeniýet merkeziniň 95 müň 600 ind metrlik üsti ýapyk ýere eýe, 5 aýry bölümden ybarat boljakdygyny belläp: “Stambul Atatürk Medeniýet merkezini 2 ýyl ýaly gysga wagtyň içinde gurup tamamlap, sungat işgärlerimiziň we muşdaklarymyzyň hyzmatyna bereris” diýip nygtady.

Prezident Erdogan Stambul Atatürk Medeniýet merkeziniň milletiň gymmatlyklary, ynanjy, adamlarymyzyň taryhy we medeniýeti bilen gowgaly, ýakobinler düşünjesine garşy dikiljek bir ýeňiş ýadygärliginiň boljakdygyny belledi.

Erdogan: “Düýbüni tutýan binamyz , diňe bir medeniýet merkezi däldir. Bu eser şol bir wagtda soňky 5 ýylda milli ygtyýara kast eden, watanyň, milletiň duşmanlaryna garşy beriljek iň gowy jogap bolar” diýdi.



Degişli Habarlar