"Dünýädäki çaknyşyklaryň 60 göterimi musulman ýurtlarynda bolýar"

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, dünýädäki çaknyşyklaryň 60 göteriminiň musulman ýurtlarynda başdan geçirilýändigini habar berdi

"Dünýädäki çaknyşyklaryň 60 göterimi musulman ýurtlarynda bolýar"

Yslam ýurtlary Hasabat, ykdysadyýet we sosial derňew we bilim merkezi (SESRIC) tarapyndan paýtagt Ankarada geçirilen maslahatda çykyş eden Kalyn, global haosyň we näbelliligiň başdan geçirilýän bir döwürden geçilýändigini belläp, diňe musulman ýurtlaryň arasynda däl, Günbatar, Ýewropa we Latyn Amerika ýaly ençeme sebitde artan bir ynamsyzlyk we geljek bilen baglanşykly näbelligiň başdan geçirilýändigini habar berdi. 

Ibrahim Kalyn soňky ýyllarda alada sebäp döreden aşa sagjy akymyň, Ýewropanyň ençeme ýurdynda syýasaty gözegçilik astyna almaga başlandygyny beýan etdi. 

Çaknyşyklaryň musulman ýurtlaryň sosial energiýasyny we tebigy çeşmelerini sarp edendigini aýdan Ibrahim Kalyn: "Dünýädäki çaknyşyklaryň 60 göterimi musulman ýurtlarynda bolýar. Bu ählimiz üçin kyn bir sapak bolmaly. Musulmanlaryň başdan geçirýän meseleleriň hötdesinden gelip bilmekleri üçin syýasy liderlege we jebislige mätäçlik bar" diýdi. 

 


Etiketkalar: yslam , musulman , Ibrahim Kalyn

Degişli Habarlar