Mewlüt Çawuşogly ABŞ-niň Siriýadan çekilmeginiň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Siriýadan terror guramasy DAIŞ-iň galandylary saplamak we amerikan esgerleriniň yzyna çekilmek etabynyň, sistemalaýyn we sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilmelidigini nygtady

1140305
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-niň Siriýadan çekilmeginiň üstünde durup geçdi

Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-niň paýtagty Waşingtonda 79 ýurdyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen DAIŞ-e garşy Koalisiýanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi.

Çawuşogly DAIŞ-iň Yrakda ýok edilendigini we Siriýada hem dolulygyna saplanyp barýandygyny belläp: “Häzirki wagtda esasy zat, bu guramanyň ýaňadandan janlanmagynyň öňüni almak we bu ýurtlaryň durnuklylygyny üpjün etmek. Indi bolsa heläkçiligiň esasy sebäplerine düşünmek we ýaňadandan döremeginden uzak durmak gerek” diýdi.

Çawuşogly ABŞ-niň Siriaýdan çekilmegi etaby bilen bagly hem beýanat berip: “DAIŞ-iň galyndylaryny saplamak we ABŞ-niň yza çekilmek etaby sistemalaýyn we sazlaşykly ýagdaýda bolmalydyr. Terrorçylaryň Siriýanyň territorial bütewiligini we goňşularynyň milli howpsyzlygyny paltalamak üçin ulanyp biljegi güýç boşlugyndan uzak durulmalydyr” diýdi.

Türkiýäniň Siriýada terrora garşy göreşiň çäginde frontda göreşýändigini we ýüz müňlerçe bosgunyň saplanan ýerlere gaýdyp barmagyny üpjün edendigini aýdan Çawuşogly: “Türkiýe, Yragyň we Siriýanyň durnuklylygyna kömek bermek üçin ähli zady etmäge taýýardyr” diýip belledi.



Degişli Habarlar