Prezident Erdogan Manbij bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-e Siriýanyň Manbij sebiti bilen bagly beren wadalaryny ýerine ýetirmegine çagyrdy

1139213
Prezident Erdogan Manbij bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi.  

Erdogan çykyşynda ABŞ-niň ylalaşyga laýyklykda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a berýän goldawyny bes etmegi we terrorçylaryň sebitden çykarylmagy babatynda beren wadalarynyň arkasynda durmagyna çagyrdy.

Türkiýäniň Siriýanyň territorial we syýasy bütewiligine hormat goýýandygyny bellän Erdogan: “Kanuny bolan siriýaly oppozisionerler bilen oturyp gepleşikler geçirýäris we özlerine kömek etmäge synanyşýarys. Howpsyzlygymyzy üpjün etmegimiziň ýeke täk ýoly Siriýada terror guramalarynyň çeşmelerini ýok etmekdir” diýip belledi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen bu meseleler boýunça netijeli gepleşikler geçirendigini, emma beýleki ýolbaşçylaryň geçiren gepleşiklerinde bular ýaly netijäniň alynyp bilinmändigini aýdan Erdogan: “Häzirki wagta çenli öňümizde goýulan anyk bir meýilnama ýok. Sabyrymyz çäksiz däldir. Birnäçe hepdäniň dowamynda terrorçylar Manbijden çykarylmasa, garaşmak möhledimiz tamamlanar. Öz meýilnamalarymyzy durmuşa geçirmek hukugymyz dörär. Pyçak süňke daýanan mahaly, ýerine ýetirjek işimiz üçin hiç kimden rugsat almak ýa-da hasap bermäge mejbur däldiris. Sanksiýalar bilen birlikde hiç bir howp bizi bu ýoldan dändirmez. Sebidätki ähli tire-taýpalar haçan gelýändigimizi soraýarlar. Gepleşikler geçirýän ähli resmilerime bu ygtyýary berdim” diýip nygtady.


Etiketkalar: #Erdogan , #Manbij

Degişli Habarlar