rahim Kalyn, Jon Bolton bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Türkiýä guramagyna garaşylýan döwlet sapary meseli hem gün tertibine getirildi
Prezidentiň metbugat sekretary brahim Kalyn, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginde Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda geçen hepde geçirlen telefon söhbetdeşliginde ylalaşyk gazanylan meseleleriň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşlandygy nygtaldy.
Telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Siriýadan yza çekilmegi, howpsyz zolagyň döredilmegi meselesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi bilen birlikde Manbij iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýaly meselelerde ylalaşyk gazanyldy.
Sebitara meseleler bilen birlikde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara garalan telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň terrora garşy hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigi nygtaldy.
Telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Türkiýä guramagyna garaşylýan döwlet sapary meseli hem gün tertibine getirildi.