“Bu taryhy saparyň syýasy gatnaşyklarymyzda täze döwrüň başlanjygy boljakdygyna ynanýaryn”

Prezident Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Maltanyň Prezidenti Preka bilen duşuşdy

1132896
“Bu taryhy saparyň syýasy gatnaşyklarymyzda täze döwrüň başlanjygy boljakdygyna ynanýaryn”

 

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Maltanyň Prezidenti Marie-Louise Preka bilen duşuşdy.

Erdogan Prezidentiň kompleksinde geçirlen özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan beýanatynda Wenesuellada başdan geçirlen wakalar hakynda durup geçdi.

Erdogan Wenesueladaky agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezip “Saýlawyň netijesine sarpa goýmaýan bolsaňyz munyň ady demokratiýa däl” diýdi.

Maduro telefon edip “Anti-demokratik tagallalara ýol berme, dik dur diýdim” diýen Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tutumynyň bolsa özüni geň galdyrandygyny nygtady.

Kärdeşi Prekany Türkiýede resmi saparda bolan Maltanyň ilkinji prezidenti hökmünde myhman almakdan hoşaldyklaryny aýdan Erdogan “Bu taryhy saparyň syýasy gatnaşyklarymyzda täze döwrüň başlanjygy boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Erdogan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda çalt depginde ösýändigini we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň Premýer ministrligi döwründe Malta guran resmi saparynyň gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berendigini ýatlatdy.

Kärdeşi Preka bilen özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Erdogan “Gatnaşyklarymyzyň medeniýet, syýahatçylyk, bilim, saglygy goraýyş , energetika we deňizçilik ýaly birnäçe ugurda ösdürilmegi babatynda ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Prezident Erdogan özara söwda mukdarynyň 2 milliard dollara ýetirilmeginiň maksat edinilýändigini belledi.

Erdogan Maltanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna berýän goldawlary üçin kärdeşi Preka sagbolsun aýtdy.

Maltanyň Prezidenti Preka hem Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby barada “Malta hökmünde Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna goldaw bermäge dowam ederis. Malta ÝB-niň giňelmek etabyna goldaw berýär”diýdi.

Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallasyndan hoşaldyklaryny we takdyr edýändiklerini aýdan Preka “Türkiýe sebitde parahatçylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne aldy. Hökümetiňiziň we siziň edýän tagallalaryňyz netijesinde ýurduňyz millionlarça bosguna gujak açdy” diýdi.



Degişli Habarlar