Jeffreý şu gün Türkiýä geler

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffreýiň şu gün Türkiýä geljekdigini beýan etdi

1132298
Jeffreý şu gün Türkiýä geler

Jeýms Jeffreý bien geçiriljek duşuşyklarda ABŞ-nyň Siriýadaky goşunlaryny yza çekmek baradaky kararynyň we howpsyzlyk bilen bagly soňky şertleriň ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Jeffreý soňky gezek 8-nji ýanwarda ABŞ-nyň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Jon Bolton we ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Jezef Danford bilen bilelikde Ankara gelipdi.

DAşary işler ministri Çawuşogly hususy teleýaýlymlardan birinde ABŞ-nyň Siriýadaky goşunlarynyň yza çekiliş tapgyry boýunça kesgitli iş meýilnamasynyň bolmandygyny, gepleşikleriň dowam edýändigini, maksadyň bolsa Türkiýäniň howpsyzlyk aladasyny ortadan aýyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Çawuşogly: “Howpsyz zolagy biz ýekelikde dörederis. ABŞ we Russiýa hyzmatdaşlyk etmek isleseler garşy durmarys” diýdi.

Ministr Çawuşogly saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty boýunça BMG-niň hünärmeniniň Türkiýä geljekdigini hem aýtdy.



Degişli Habarlar