“Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşmäge dowam ederis"

Erdogan “ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýadan çekilmek meselesinde ygrarlydygyny gördüm” diýdi

“Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşmäge dowam ederis"

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Manbij etrabynda guralan hüjümde 5-i Amerikanyň esgeri bolmak bilen jemi 20 adamyň ýogalandygynyň aýdylýandygyny belledi.

Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Horwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabar Kitarowiç bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýanatynda Manbijdäki hüjümiň ABŞ-nyň Siriýadan çekilmek kararyndan ýüz öwürmegi maksady bilen guralyp bilinjekdigini aýtdy

Erdogan “ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýadan çekilmek meselesinde ygrarlydygyny gördüm” diýdi.

Prezident Erdogan bu soňky terrorçylyk hüjümden soň çekilmek kararyndan ýüz öwrülen halatynda munyň terror guramasy DAIŞ-iň ýeňişi manysyny aňlatjakdygyny belledi.

Prezident R. T. Erdogan “Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşmäge dowam ederis. Biz DAIŞ şol topraklarda ýok ederis” diýdi



Degişli Habarlar