PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk etrapçasyna düýn gije howa hüjümi guraldy

PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk etrapçasyna düýn gije howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Howa hüjüminde terror guramasyna degişli gowaklaryň we gaçybatalgalaryň hatardan çykarlandygy bellenildi.

Howa hüjüminde harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar