Erdogan: “2018-nji ýylyň ösüşi çaklamalardan ýokarda bolar”

Prezident R.T.Erdogan 2018-nji ýylda edilen ykdysady ösüşiň çaklamalardan ýokarda boljakdygyny aýtdy

Erdogan: “2018-nji ýylyň ösüşi çaklamalardan ýokarda bolar”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň merkezinde “Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahatynda” çykyş etdi.

Erdogan bir tarapdan terror guramalaryna garşy göreş dowam edýän bolsa beýleki tarapdan demokratik we ykdysady gazananlaryň üstüniň ýetirilýändigini beýan etdi.

Erdogan: “2017-nji ýylda Türkiýäniň 3-3,5 göterim ösjekdigini aýtdylar, biz 7 göterim ösüş etdik” diýdi.

Walýuta kursy, göterim, inflýasiýa üçburçlygynda gurlan duzaga garamazdan 2018-nji ýyldaky ösüşiň hem çaklamalardan ýokarda çykjakdygyny beýan eden Erdogan, milli girdejide satyn alyş paritetine görä dünýäde 13-nji orny eýelän Türkiýäniň ýylyň ahyrynda bir basgança ýokary çykmagynyň geň galdyrmaly däldigini nygtady.



Degişli Habarlar