"ÝPG/PKK-a garşy geçiriljek operasiýanyň ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi bilen arabaglanşy ýok"

Çawuşogly Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar we ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi etaby barada beýanat berdi

"ÝPG/PKK-a garşy geçiriljek operasiýanyň ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi bilen arabaglanşy ýok"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň gündogarynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy geçiriljek operasiýanyň ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi bilen arabaglanşykly bolmandygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar we ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi etaby barada hususy telewideniýe kanalyna beýanat berdi.

ABŞ bilen Manbijiň terrorçylardan saplanmagy meselesinde gazanylan ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmeýändigini aýdan Çawuşogly, “4-nji iýunda ABŞ bilen Manbij iş meýilnamasyna gol çekişdik. Meýilnama 90 günüň dowamynda doly tamamlanmalydy. Şol iş meýilnamasy durmuşa geçirilýän bolsady şu günki günde bu mesele gün tertibine getirilmezdi. ÝPG/PKK sebitden çekilmeýşi ýaly ABŞ tarapyndan goldaw alamaga dowam edýär. Biz Ýefradyň gündogarynda operasiýa geçirjekdigimizi aýdan soň ABŞ Siriýadan çekiljekdigini mälim etdi. Beýleki tarapdan esasan ABŞ-nyň howpsyzlyk güýçleri Prezident Trampyň şol kararyndan ýüz öwürmegi üçin tagalla edýär” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly “Prezident Trampyň karary biziň üçin möhüm. Düýn ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo hem Siriýaly kürtler diýmek ÝPG diýmek däldir, Türkiýeli kürtler diýmek hem PKK diýmek däldir” diýip beýan berdi we muny hemmeler diýseň gowy bilýär” diýdi.

Çawuşogly ÝPG tarapyndan sürgün edilen siriýaly ýüzmüňlerçe kürdüň Türkiýede ýaşaýandygyna ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar