Resmi sapar bilen Malta giden Daşary işler ministri Çawuşogly TRT Haber kanalyna beýanat berdi

“Biraz yza süýşürip bileris emma bu biziň geljekde gurajak operasiýalarymyzdan ýüz öwürjekdigimiz manysyny aňlatmaýar”

1111605
Resmi sapar bilen Malta giden Daşary işler ministri Çawuşogly TRT Haber kanalyna beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýefradyň gündogaryna guraljak operasiýa barada “Biraz yza süýşürip bileris emma bu biziň geljekde gurajak operasiýalarymyzdan ýüz öwürjekdigimiz manysyny aňlatmaýar”diýdi.

Resmi sapar bilen Malta giden Daşary işler ministri Çawuşogly TRT Haber kanalyna beýanat berdi.

ABŞ-nyň Siriýadan çekilmek karary barada garaýyş beýan eden Çawuşogly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Prezident R. T. Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi barada kararynyň seljerlendigini ýatlatdy.

Çawuşogly, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda 8-nji ýanwarda Waşingtonda geçiriljek maslahatda ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi bilen utgaşyklyk meseleleriniň seljeriljekdigini nygtady.

Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň ÝPG/PKK-a beren ýaraglaryny yzyna aljakdygyny emma munyň beýle aňsat bolmajakdygyny belledi.

Türkiýäniň Siriýanyň territorial bitewiligine uly ähmiýet berýändigini we Siriýanyň durnuklylygynyň Türkiýe üçin möhümdigini aýdan Çawuşogly, şol sebäpli hem terror guramasy ÝPG/PKK-a berilýän goldawyň özlerini biynjalyk edýändigini ýatlatdy.

Çawuşogly sebitiň terror guramalaryndan saplanmalydygyna ünsi çekdi.

Çawuşogly Türkiýe üçin DAIŞ, ÝPG/PKK, FETÖ ýaly terror guramalarynyň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdygyny aýtdy.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar