"Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar"

Binali Ýyldyrym Hytaýa guraýan resmi saparyny dowam etdirýär

"Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanýandygyny aýtdy.

Hytaýa guraýan resmi saparynyň çäginde Şaanşi welaýatynyň Şian şäherine beren Ýyldyrym, Şaanşi welaýatynyň Halk kongresiniň hemişelik komitetiniň başlygy Hu Hypingi kabul etdi.

Hytaý bilen Türkiýäniň Aziýanyň gündogarynda we günbatarynda ýerleşýän esasy ýurtlardan biridigini aýdan Ýyldyrym, iki ýurduň taryhy geçmişe eýedigini aýratyn belledi

Binali Ýyldyrym Prezident R. T. Erdoganyň Hytaýyň Döwlet başlygy Sizinping bilen Argentinada geçirlen G-20 maslahatynyň çäginde bolan duşuşygynda möhüm kararlaryň kabul edilendigini nygtap “Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar” diýdi.

Hytaý bilen Türkiýäniň taryhy ýüpek ýolunyň ýaňadandan janlandyrylmagyny maksat edinýändigini aýdan Mejlisiň başlygy Binali Ýyldyrym, Hytaýyň Türkiýäniň Uzak Gündogardaky esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini we özara söwda mukdarynyň artdyrylmagyny arzuw edýändiklerini nygtady.

Binali Ýyldyrym özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde syýahatçylyk pudagynyň esasy rol oýnap biljekdigine ünsi çekdi

Ýyldyrym “Türk Howa Ýollary Şian bilen Stambulyň arasynda uçar saparlarynyň başladylmagy üçin taýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar