Daşary işler ministri Çawuşogly ÝHWHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Çawuşogly ÝHWHG-nyň Ministrler geňeşiniň 25-nji maslahatyna gatnaşýar

Daşary işler ministri Çawuşogly ÝHWHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň 25-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Italiýanyň Milano şäherine gitdi.

Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Tomas Gremingiň maslahata gatnaşýan ýurtlaryň wekillerini garşylamagyndan soň ÝHWHG-nyň Ministrler geňeşiniň 25-nji maslahaty tegelek stoluň başynda öz işine başlady.

2 gün dowam etjek maslahatda sebitara we halkara meseleler bilen birlikde Ukraina we Daglyk Garabag meselesi seljerler.

Maslahata 44 ýurduň daşary işler ministri we 11 ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary bilen halkara guramalaryň 10 wekili gatnaşýar.

Beýleki tarapyndan  maslahata Türkiýäniň adyndan gatnaşýan Daşary işler ministri Çawuşogly maslahatyň açylyş oturlyşygynyň öňüsyrasynda ÝHWHG-nyň Baş sekretary Tomas Greming bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşyk hakynda maglumat berilmedi

 



Degişli Habarlar