Mewlüt Çawuşogly metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglym saud žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatyny çözmek üçin açylan derňewde soňuna çenli giçiljekdigini beýan etdi

Mewlüt Çawuşogly metbugat ýygnagyny geçirdi

Mewlüt Çawuşogly, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň, metbugat ýygnagyny geçirdi. 

2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda wagşylyk bilen öldürilen saud žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly soraga jogap beren Çawuşogly: "Derňew dowam edýär, soňuna çenli gideris. Böwet bolan ýagdaýynda halkara derňewe başlamakdan çekinmeris" diýdi. 

ABŞ-den alynjak F-35 uçarlary bilen bagly başdan geçirilen düşünişmezçiligiň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: "ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan, Argentinadaky G20 maslahatynda F-35 uçar meselesini maslahatlaşdy. Tramp meseläni özi agzap geçdi we Türkiýäniň bu taslamanyň möhüm aktýorlaryndandygyny belledi. Goç bolsun edilmez, häzirki wagtda bir mesele ýok" diýdi. 

Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: "Gara deňizde 25-nji noýabrda Russiýa tarapyndan ele salynan Ukraina degişli gämi we ekipaž azat edilmeli. Kerç bogazy boýunça hem Ukrainanyň hem-de Russiýanyň hukuklary bar. Ýene-de bir gezek dartgynlyga ýol açmazlyk üçin iki ýurdyň sazlaşyk içinde bolmagy hökmany. Mundan soň meseläniň başdan geçirilmezligi üçin biz hem elimizden gelenini ederis" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar