ÝB-niň resmi wekiliýeti Ankarada saparda bolar

Federika Mogherini bilen Ýohannes Han 22-nji noýbarda Ankara geler

1089603
ÝB-niň resmi wekiliýeti Ankarada saparda bolar

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini bilen ÝB Komissiýasynyň giňelmekden jogapkar agzasy Ýohannes Han 22-nji noýbarda Ankara geler.

ÝB tarapyndan mesele hakynda berlen beýanata görä, Mogherini bilen Han Ankarada “Türkiýe-ÝB ýokary derejeli syýasy dialog” maslahatyna gatnaşar.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti bilen ÝB-niň resmi wekiliýetiniň arasynda geçiriljek gepleşiklerde, Türkiýäniň agzalyk etaby bilen birlikde ykdysadyýet, söwda, energetika, gümrük bileleşigi, howpsyzlyk, terrora garşy göreş, göç we wiza erkinligi bilen ÝB bilen gatnaşyklardaky esasy ugurlaryň seljeriljekdigi nygtaldy.

Beýanatda gepleşiklerde şeýle hem Balkanlar, Siriýa, Yrak we Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabynyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar