Türkiýe Saud Arabystanynyň Kaşykçy jenaýaty bilen bagly beýnatyndan kanagatlanmady

Türkiýe Saud Arabystanynyň Baş prokuraturasynyň Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly beýnatyndan kanagatlanmady

Türkiýe Saud Arabystanynyň Kaşykçy jenaýaty bilen bagly beýnatyndan kanagatlanmady

Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabyna baran Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Saud Arabystanynyň Baş prokuraturasynyň, žurnalist Jemal Kaşykçynyň Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda öldürilmegi bilen bagly beren beýanatynyň üstünde durup geçdi.

Ministr Çawuşogly: “Baş prokuroryň bu beýanatyny bermeden ozal Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri maňa jeň etdi, ýarym sagat soň baş prokuroryň beýanat berjekdigini maňa öňünden habar berdi” diýip mälim etdi.

Saud Arabystanynyň Baş prokurorynyň beýanatyndan kanagatlanmandyklaryny aýdan Çawuşogly: “Kaşykçynyň jesedi nirede? Buýruk berenleriň, hakyky sebäpkäriň ýüze çykarylmagy gerek, bu etabyň bu ýagdaýda ýapylmazlygy gerek. Bu işe gözegçilik etmegimizi dowam etdireris” diýip belledi.

Mewlüt Çawuşogly: “11 adamyň tussaglykdadygyna düşündik. Ozal 18 adam tussag edilipdi diýipdiňiz. 11 adamyň 5-sine ölüm jezasynyň berilmegi barada talap bildirilipdir. Beýleki adamlar näme üçin azat edildi. Bu adamyň ýurduna alynyp gidilmegine garşylyk görkezendigi üçin öldürilendigi aýdylýar, jenaýat ozaldan meýilleşdirilipdir. Jesediň böleklere bölünmegi şol wagt meýilleşdirilen bir zat däl. Öldürilip, böleklere bölünmegi üçin ozaldan enjamlar konsullyga getirilipdir” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar