Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, siriýaly 260 müňden gowrak bosgunyň Türkiýäniň terrordan saplan ýerlerine dolanyp barandygyny habar berdi

Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly, TBMM-de gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi.

Beýanatynda Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň we ýurdyna dolanyp baran siriýalylaryň üstünde durup geçen Çawuşogly: “Häzirki wagta çenli ýurdumyzdan Ýewfrat galkany we Zeýtun şahajygy operasiýalary bilen saplanan ýerlere 260 müňden gowrak adam dolanyp bardy” diýdi.

Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşiň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: “FETÖ-niň daşary ýurtlardaky gurluşyna garşy geçirilýän derňew işiniň çäginde 452 adam bilen bagly delo taýýarlandy. Bu delolar şol adamlaryň ýaşaýan ýurtlaryna, ýagny 83 ýurda iberildi” diýdi.

Ministr Çawuşogly, ABŞ-niň ekstremist terror guramasy PKK-nyň 3 ýolbaşçysy üçin pul sylagynyň goýulmagy bilen bagly bolsa: “Bu örän gowy, emma giýç we ýeterlik derejede bolmaýan ädimler” diýip belledi.

Mewlüt Çawuşogly Yragyň Mosul we Basra şäherlerindäki Baş konsullyklarynyň hem ýaňadandan işläp başlajakdygyny habar berdi.

Eýranyň bolsa Türkiýe üçin möhüm bir goňşudygyny aýdan Çawuşogly: “ABŞ-niň sanksiýalaryny dogry görmeýäris. Sanksiýalara garşydyrys. Sanksiýalaryň hem Eýranyň halky, hem-de ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklarymyzyň  üstündäki oňaýsyz täsirini iň az derejä ýetirmek üçin ABŞ başda bolmak bilen ähli taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk içindediris. ABŞ-niň birtaraplaýyn kararlary ähli dünýä ulgamyna ýaramaz täsir ýetirmäge başlady” diýip nygtady.



Degişli Habarlar