Ibrahim Kalyndan ysraýylly ministre jogap

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Ysraýylyň Gaza halkyna garşy hüjümlerini iň gysga wagtda bes etmelidigini nygtady

Ibrahim Kalyndan ysraýylly ministre jogap

Ibrahim Kalyn Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerine sosial media hasabynyň üsti bilen berk reaksiýa bildirdi. 

Kalyn Ysraýylyň hukugy äsgermeýän, hökümli we basypalyjy pozisiýasyny ýene-de bir gezek görkezendigini belledi. 

Ibrahim Kalyn halkara jemgyýete hem çagyryş berip, hüjümlere garşy herekede geçilmegini isledi. 

Kalynyň bu beýanatyna Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Emmanuel Nahshon sosial media hasabynyň üsti bilen jogap berdi, Ysraýylyň özüni goraýandygyny öňe sürdi. 

Emma, Kalyn, Nahshona beren jogabynda: "Palestinalylaryň topraklarynyň Ysraýylyň gabawy astynadygyny örän gowy bilýärin. Emma, basypalyjy, basyp alyşlygyny gizlemek üçin ukyp özgertýär, dälmi?" diýip reaksiýa bildirdi. 

 


Etiketkalar: Ysraýyl , Ibrahim Kalyn

Degişli Habarlar