Daşary işler ministri Ilhan Omary we Raşida Tlaibi gutlady

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-niň Kongresiniň araky saýlawlarynda Wekiller mejlisine saýlanan ilkinji musulman agzalar Ilhan Omary we Raşida Tlaibi gutlady

Daşary işler ministri Ilhan Omary we Raşida Tlaibi gutlady

Ministr Çawuşogly sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen iberen gutlagynda: "Ilhan Omar we Raşida Tlaibi ABŞ-niň Kongresine saýlanmagy mynasybetli gutlaýaryn. Amerikaly musulmanlar üçin uly bir üstünlige eýe boldylar" diýdi. 

2000-nji ýyldan bäri iň köp musulman dalaşgäriň ýaryşan saýlawlara Miçigan we Minnesota ştatlaryndan gatnaşan Tlaib we Omar Wekiller mejlisine giren ilkinji musulman zenanlar hökmünde atlaryny taryha ýazdyrdylar. 

 



Degişli Habarlar