Türkiýäniň daşary işler ministri Laosda kärdeşi bilen duşuşdy

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen baran Laosda ýurdyň daşary işler ministri Salemksaý Kommasith bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň daşary işler ministri Laosda kärdeşi bilen duşuşdy

Ministr Çawuşogly, daşary işler ministr derejesinde guran ilkinji saparynyň çäginde kärdeşi Kommasith bilen geçiren duşuşygynda, ilki bilen Laosda tomus aýynda başdan geçirilen sil apaty sebäpli gynanç bildirdi.

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Laosyň halkynyň ýanyndadygyny nygtady.

Laosa daşary işler ministr derejesinde ilkinji sapar guramakdan hoşaldygyny aýdan Çawuşogly, bu ýurtda düýn dabara bilen açylan Türkiýäniň diplomatik wekilhanasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar taýdan möhümdigini belledi.


Etiketkalar: sapar , Laos , Mewlüt Çawuşogly

Degişli Habarlar