Goranmak ministri Hulusi Akar Somalide saparda bolýar

Resmi sapar bilen Somali baran Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Prezident Muhammed Abdullah Farmaju tarapyndan kabul edildi

Goranmak ministri Hulusi Akar Somalide saparda bolýar

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akary we ýanyndaky wekiliýeti, paýtagt Mogadişuda Somaliniň Wise-premýeri Mahdi Guuled Khadar howa menzilinde garşylady. 

Ministr Akar ondan soň Prezident Muhammed Abdullah Farmaju bilen duşuşdy.

Akar we Farmaju, harby tälim, ýurdyň howpsyzlygy we Somaliniň goşunynyň güýçlendirilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Farmaju duşuşykda, Somali berýän goldawy sebäpli türk tarapyndan sag bolsun aýtdy.


Etiketkalar: Somali , Hulusi Akar

Degişli Habarlar